Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Noýabrda Türkmenistanda 27800-den gowrak bank karty resmileşdirildi

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Noýabrda Türkmenistanda 27800-den gowrak bank karty resmileşdirildi

Türkmenistanyň banklary tarapyndan geçen aýda 27835 sany bank karty resmileşdirildi. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim etmegine görä, ýurtdaky banklar tarapyndan resmileşdirilen töleg kartlarynyň möçberi 1-nji dekabr ýagdaýyna görä, 5 million 142 müň 815-e barabar boldy.

Türkmenistanyň ilatynyň iň köp ulanýan bank kartlary «Daýhanbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary tarapyndan resmileşdirildi. Bu iki bankyň şu döwre çenli degişlilikde 1 million 849 müň 622 sanysy we 999 müň 329-sy resmileşdirildi. 1-nji dekabra çenli iň köp bank kartlary, has dogrusy, 1 million 767 müň 164 sany bank karty Aşgabat şäherindäki, 915 müň 941 sanysy Mary welaýatyndaky banklar tarapyndan resmileşdirilip ulanyşa goýberildi.

1-nji dekabr ýagdaýyna görä, ýurtda jemi 2148 sany bankomat hereket edýär. Şonuň iň köp bölegi, has takygy, 454 sanysy Aşgabat şäherinde, 446 sanysy Mary welaýatynda we 441 sanysy hem Lebap welaýatynda hereket edýär.

Dekabr aýyna çenli ýurdumyzyň banklary tarapyndan 922 müň 110 müşderi «Internet bank», 59 müň 421 müşderi hem «Mobil bank» hyzmatyna birikdirildi.

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews