Şu gün
Aşgabat
31.1 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
31.1 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanda Döwlet býujeti 3 ýyllyk möhlet üçin işlenip taýýarlanar

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Türkmenistanda Döwlet býujeti 3 ýyllyk möhlet üçin işlenip taýýarlanar

2025-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Hökümetiň 24-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanýandygy barada aýdyldy. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär.

Iň täze habarlar

Türkmenistan Gyrgyzystana eksportyny 4 esseden gowrak artdyrdy

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen özara söwda dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 59 million 889 müň dollara deň boldy.
SalamNews

Ýurdumyzyň iri senagat sebiti — Balkan welaýaty

Balkan welaýaty ýurdumyzyň iň iri senagat merkezleriniň biridir. Häzirki wagtda welaýat tutuş ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň görnüşleri boýunça 23,5 göterimini özünde jemleýär. Bu sebiti senagat taýdan ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
SalamNews

Türkmenistanly telekeçiler özbek paýtagtynda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

12 — 14-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «UzCharmExpo — 2022» ady bilen halkara sergi-ýarmarka geçiriler.
SalamNews