Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanda bank kartlaryny ulanyjylaryň sany 8,5 göterim ýokarlandy

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Türkmenistanda bank kartlaryny ulanyjylaryň sany 8,5 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň banklary tarapyndan geçen 2022-nji ýylda resmileşdirilen bank kartlarynyň sany 8,5 göterim artdy. Geçen ýylda Türkmenistanyň banklary jemi 406 045 sany bank kartyny resmileşdirdiler. Bu barada «TASS» habarlar agentligi Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň banklary jemi 5 million 177 müň 6 sany bank kartlaryny resmileşdirdiler. Bu görkeziji geçen ýylyň başynda 4 million 770 müň 961-e deňdi.

Iň köp bank karty, ýagny jemi 1 million 860 müňe golaý hasaplaşyk karty «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ulanyşa goýberildi. Şeýle hem ýakynda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň töleg kartlaryny ulanýanlaryň sany 1 milliondan geçdi.

Iň köp töleg kartlary Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň banklary tarapyndan resmileşdirildi. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Aşgabat şäherindäki banklar tarapyndan 1 million 777 müňden gowrak, Mary welaýatynyň banklary tarapyndan hem 922 müňden gowrak töleg kartlary ulanyşa girizildi.

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews