
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanda «Internet bank» hyzmatyny ulanýanlaryň sany 932 müň 730-a, «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany hem 60 müň 654-e ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky mälim edýär.
«Internet bank» hyzmatyna iň köp müşderi «Daýhanbank» (346 737 sany) we «Türkmenistan» (294 448) döwlet täjirçilik banklary tarapyndan birikdirildi. Sebitler boýunça Mary welaýatynyň (215 033 müşderi) hem-de Lebap welaýatynyň (210 349 müşderi) ilaty «Internet bank» hyzmatyna iň köp birikdirilenler boldy.
«Mobil bank» hyzmatyna iň köp müşderi «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky (16 206 müşderi) hem-de «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan birikdirildi. Bu hyzmata iň köp müşderi Mary (15 666 müşderi) hem-de Lebap (15 648 müşderi) welaýatlaryndan birikdiler.
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna laýyklykda, Türkmenistanda 2 144 sany bankomat hereket edýär.