Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň serişdeleri haýsy ugurlary maliýeleşdirmäge gönükdiriler?!

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň serişdeleri haýsy ugurlary maliýeleşdirmäge gönükdiriler?!

Şu gün — 7-nji dekabrda resmi metbugatda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi.

Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary jemi 95,1 milliard manat möçberde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 11,1 göterim ýokarydyr. Döwlet býujetiniň I derejesiniň girdejileri we çykdajylary 29,1 milliard manat bolup, şu ýylyň görkezijilerinden 13 göterim artýar. Çykdajylaryň 75 göterime golaýyny durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge harçlamak meýilleşdirilýär.

Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göterimi bilimi, 14,1 göterimi saglygy goraýşy, 2,6 göterimi medeniýeti, 34,7 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,6 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Şeýle hem býujetiň II derejesiniň girdejileri we çykdajylary 65,9 milliard manat möçberde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 10,3 göterim ýokarydyr. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly depginler bilen ösmeginiň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegine garaşylýar.

Ynsanperwer durmuş syýasatyndan ugur alnyp, 2023-nji ýylyň býujetinde raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da ýokary derejesini gazanmak maksady bilen, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. 2023-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda senagat pudaklarynyň ösdürilmegi, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giň gerimde ýola goýulmagy, eksporta gönükdirilen hem-de importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňeldilmegi, oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijesinde azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy, halkyň durmuş taýdan goraglylygynyň berjaý edilmegi ýaly toplumlaýyn çäreler meýilleşdirilýär.

Maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik hem-de 33,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, umumy bilim berýän orta mekdepler, medeniýet öýleri, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileri, awtomobil ýollary gurlar.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2023-nji ýylda 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.

Iň täze habarlar