Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşa sowuga töleg terminallary hem döz gelmän biler

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Aşa sowuga töleg terminallary hem döz gelmän biler

Aşa sowuk howa diňe adamlara, janly-jandarlara özüniň täsirini ýetirmän, eýsem, durşy bilen demirden ybarat tehnikalara hem «hökümini ýöredip» bilýär.

Käbir töleg terminallary şeýle howada hyzmatyň häzirki wagtda elýeterli däldigini duýdurýar. Bardy-geldi töleg terminallarynyň we bankomatlaryň hyzmatyndan peýdalananyňyzdan soň hem, garaşýan netijäňiz çykmasa, muny hyzmata jogapkär edara-kärhanadan ýa-da bankdan görüp, dowla düşmäň! Sowuk howanyň töleg terminallarydyr bankomatlara täsirini ýetirip bilýändigini unutmaň!

Adatça, maglumat bilen işleýän tehnologik enjamlar gyzgyn howada işlemesini peseldýär. Güýçli maglumat serwerleriniň ýerleşýän ýeriniň sowuk gurşawda saklanmagynyň üpjün edilmegi hem şondandyr. Adatça, bankomatlaryň içki düzüminde wentilýasy ulgamy bolýar. Ýöne muňa garamazdan, bankomatlaryň sowuk howa gurşawy bilen üpjün edilmegi kem däl.

Aşa gyzgyn howanyň ýakymsyz bolşy ýaly, aşa sowuk howa hem diňe adamlara däl, eýsem, töleg terminallaryna, bankomatlara hem täsirini ýetirip bilýär.

Howa aşa sowanda mümkin boldugyndan içerde duran bankomatlaryň, töleg terminallarynyň hyzmatyndan peýdalanyň. Aslynda, sowukda töleg terminalyny gözläp ýörmäň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyň!

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews