Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Adam başyna düşýän girdejisi boýunça Türkmenistan sebitde öňdebaryjy ýurt boldy

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Adam başyna düşýän girdejisi boýunça Türkmenistan sebitde öňdebaryjy ýurt boldy

Adam başyna düşýän girdejisiniň ýokarylygy boýunça Türkmenistan dünýäde 73-nji ýurt boldy. «RoyalRankings» internet neşiriniň mälim etmegine görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän girdejisi 11 müň 929 amerikan dollaryna barabardyr. Bu görkeziji sebit we goňşy ýurtlardakydan has ýokarydyr.

Internet neşirinde bellenişi ýaly, Türkmenistandan soň, 74-nji orunda ýerleşýän Gazagystanda jemi içerki önümiň adam başyna düşýäni 11 müň 561 amerikan dollaryna deňdir. Sanawda 82-nji orunda ýerleşdirilen Türkiýede adam başyna 9 müň 961 dollar girdeji düşýär. 93-nji ýerde orun alan Azerbaýjanda jemi içerki önüm adam başyna paýlananda 6 müň 842 dollar düşýär diýip, internet neşirinde görkezilýär.

Dünýä sanawynda jemi içerki önümiň adam başyna düşüşi boýunça Özbegistan 150-nji, Gyrgyz Respublikasy 160-njy, Täjigistan 171-nji orunlarda ýerleşdirilipdir.

Jemi içerki önümiň adam başyna iň köp düşýän ýurdy Ýewropadaky Lýuksemburg döwleti boldy. Bu ýurtda jemi içerki önüm adam başyna paýlananda, 127 müň 673 dollardan düşýär. Adam başyna iň ýokary girdejili ýurtlaryň ilkinjileriniň hatarynda yzygiderlilikde Irlandiýa, Norwegiýa we Şweýsariýa döwletleri gelýär.

Internet neşiri bu sanawy Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna salgylanyp düzüpdir.

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews