Şu gün
Aşgabat
23 °C
Ertir
Aşgabat
23 °C
Birigün
Aşgabat
23 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
23 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň 4 welaýatynda täze ýolagçy awtomenzilleri açylar

SalamNews
Ykdysadyýet / Gurluşyk
auh.com.tm
Türkmenistanyň 4 welaýatynda täze ýolagçy awtomenzilleri açylar

Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasy geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, täze awtomenzillerde awtobuslara GPS ulgamy arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol hatlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn tertibinde petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de olarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ýokary derejeli şertler üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli taýýarlanan degişli meýilnamanyň taslamasyny hödürledi.

«Degişli düzümleýin desgalaryň ulanmaga berilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de agentligiň ýolbaşçysyna awtomenzilleriň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Iň täze habarlar