Türkmenistanda awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we olary ulanmak boýunça işleriň çenlik ölçeg kadalarynyň hem-de nyrhlarynyň, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň bahalarynyň kesgitlenmegine degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow agentlik tarapyndan geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän degişli işleriň maliýeleşdirilmegi babatda teklipleri beýan etdi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow awtomobil ýol gurluşygy ulgamynda kadalaşdyryjy resminamalaryň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň anyk çözgüdini tapmagyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezident wise-premýere ugurdaş düzümler bilen bilelikde bu meseläni has içgin öwrenmegi tabşyrdy.