Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Daşoguz welaýatynda soňky 14 ýylda 175 desga guruldy

SalamNews
Ykdysadyýet / Gurluşyk
Daşoguz welaýatynda soňky 14 ýylda 175 desga guruldy

2008 — 2022-nji ýyllar aralygynda Daşoguz welaýatynyň çäginde 32 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 50 sany umumybilim berýän mekdep, 15 sany hassahana, 23 sany saglyk öýi we merkezi, 13 sany medeniýet öýi, 24 sany sport mekdebi we 18 sany sport desgasy, jemi 175 bina we desga gurlup ulanmaga berildi.

turkmenmetbugat.gov.tm internet neşirinde bellenişine görä, soňky 14 ýylyň içinde 1,6 müň kilometr suw geçirijileri, 3,6 müň kilometr gaz geçirijileri, 2,4 müň kilometr elektrik geçirijileri, 1,1 müň kilometr awtomobil ýollary, 300 kilometrlik lagym geçirijileri, 178 sany dik guýular gurlup ulanmaga berildi. Geçen döwürde 8,4 müň kilometrlik telefon aragatnaşyk ulgamy çekilip, 119,4 müň öý telefon we 1378,3 müň sany öýjükli telefon belgileri ulanyşa goýberildi. Şeýle hem, 1 sany agyz suwuny arassalaýjy desga, umumy meýdany 4,4 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Ýakyn 7 ýylyň içinde bolsa Daşoguz welaýatynda 31 sany binanyň we desganyň gurluşyklary göz öňünde tutulýar. Şol sanda 1 sany saglyk öýi we merkezi, 7 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 11 sany umumybilim berýän mekdep we 3 sany medeniýet öýi gurlar.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2022 — 2028-nji ýyllarda 179,16 kilometrlik suw geçirijileri, 5 sany suw arassalaýjy desga, 108,3 kilometrlik lagym geçirijileri, 4 sany lagym arassalaýjy desga, 196,5 kilometr awtomobil ýollary, 579,95 kilometrlik gaz geçirijileri, 301,77 kilometr bolan elektrik geçirijileri gurlar.

Bulardan başga-da, 382,0 kilometr telefon ulgamy gurlup, 5428 sany telefon belgisi oturdylar. Welaýat boýunça 721,30 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary göz öňünde tutulýar.

Iň täze habarlar

Noýabrda Türkmenistanda 27800-den gowrak bank karty resmileşdirildi

Türkmenistanyň banklary tarapyndan geçen aýda 27835 sany bank karty resmileşdirildi.
SalamNews

Aşgabatdaky 38 edara-kärhana ilata 3420-den gowrak boş iş orunlaryny hödürledi

Şu gün — 6-njy dekabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi.
SalamNews

Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka gümrükçileri özara tejribe alyşdylar

27-nji noýabr — 1-nji dekabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamanyň çäklerinde port gözegçilik toparlary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi.
SalamNews