Balkanabat şäherinde ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin her biri 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açyldy. turkmenmetbugat.gov.tm web-saýtynda bellenişine görä, Balkanabat şäherindäki ýaşaýyş jaýy Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenendir.
Täze ýaşaýyş jaýlary Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda 40 sany maşgalanyň her birini 3-4 otagly öýler bilen üpjün etdi. Ähli döwrebap şertler döredilen ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny Balkanabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki Demir-beton önümleri kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Täze ýaşaýyş jaýynyň açylan ýerinde ýakyn geljekde ýaşaýyş jaýlarynyň umumy 32 sanysyny gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde bina ediljek täze mekdepdir çagalar baglary, saglyk öýi, söwda merkezi we beýleki desgalar balkanabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrar.