Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Gündogar sebitde 211 desga guruldy

SalamNews
Ykdysadyýet / Gurluşyk
Gündogar sebitde 211 desga guruldy

2008 — 2022-nji ýyllar aralygynda Lebap welaýatynyň çäginde 66 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 37 sany umumybilim edarasy, 10 sany hassahana, 36 sany saglyk öýi we merkezi, 15 sany medeniýet öýi, 31 sany sport mekdebi we 16 sany sport desgasy, jemi 211 bina we desga gurlup, ulanmaga berildi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu ýyllarda 1,3 müň kilometr suw geçirijileri, 3,2 müň kilometr gaz geçirijileri, 3,5 müň kilometr elektrik geçirijileri, 1,2 müň kilometr awtomobil ýollary, 200 kilometrlik lagym geçirijileri, 78 sany dik guýular gurlup ulanmaga berildi. 8,5 müň kilometrlik telefon aragatnaşyk ulgamy çekilip, 189,4 müň öý telefon we 1 440,6 müň sany öýjükli telefon belgiler ulanyşa goýberildi. Şeýle hem 4 sany agyz suwuny arassalaýjy desga, 2 sany lagym arassalaýjy desga, 2,3 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýat boýunça 2022 — 2028-nji ýyllarda 43 sany bina we desga gurlar. Şolaryň 3 sanysy hassahana, 5 sanysy saglyk öýi we merkezi, 6 sanysy mekdebe çenli çagalar edarasy, 18 sanysy umumybilim edarasy, 3 sanysy medeniýet öýi bolar.

Lebap welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 304,79 kilometr suw geçirijileri, 5 sany suw arassalaýjy desgasy, 78,62 kilometr lagym geçirijileri, 3 sany lagym arassalaýjy desgasy, 769,07 kilometr awtomobil ýollary, 346,81 kilometr gaz geçirijileri, 474,65 kilometr elektrik geçirijileri gurlar. Aragatnaşyk ulgamy boýunça 337,96 kilometr telefon ulgamy çekilip, 11184 sany telefon belgisi oturdylar. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 725,6 müň inedördül metri gurlup ulanmaga berler.

Iň täze habarlar