Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

SalamNews
Ykdysadyýet / Gurluşyk
Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamazy obasynda, Sazanda geňeşliginiň Azatlyk we Bagşylar obalarynda, Görogly etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginiň Akderek obasynda, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň Dawalyköl, Seňňer we Gölýer obalarynda, Bereketli geňeşliginiň Badalar obasynda we Amyderýa geňeşliginde täze suw ýygnaýjy desgalar gurlar. Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda suw we lagym geçiriji ulgamlaryň hem-de Boldumsaz şäherinde lagym sorujy desgalaryň gurluşyk işleri üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edilýär.

Bäsleşik teklipleri, degişlilikde, 5-nji aprele we 17-nji aprele çenli kabul edilýär.

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews