
Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki taryhy çykyşynda döwletimiziň ýüzi diýlip hasap edilýän ak mermerli Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek babatyndaky işlere aýratyn üns çekip:
— Biz geljekde-de paýtagtymyzy ösdürmegi dowam etdirmelidiris. Biziň öňümizde «Altyn kölüň» kenarynda döwrebap binalary gurmak, şäheri ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň hem-de döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly örän möhüm işler durýar. Bu taslamalar amala aşyrylanda, «akylly» jaýlary we öýleri gurmaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmaga üns berilmelidir — diýip belledi.