
3-nji dekabrda geçirilen iş maslahatynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalyň täze merkeziniň sebitde iň iri, aýratyn özboluşly şäherdigini nazara alyp, R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ýurduň daşary syýasat edarasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda işleri geçirmegi, şeýle hem bu desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek baradaky meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda: «Merkeziň açylyş dabarasy örän uly ähmiýete eýedir» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow R.Meredowa ýüzlendi we bu dabara isleg bildirýän daşary ýurt myhmanlaryny çagyrmagyň zerurdygyny belledi.