Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Ahalyň täze merkezinde mugallymçylyk we lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleri gurlar

SalamNews
Ykdysadyýet / Gurluşyk
Ahalyň täze merkezinde mugallymçylyk we lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleri gurlar

Ahalyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar. Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda täze şäheriň desgalary bilen tanyşlygynyň barşynda degişli teklibi aýtdy.

Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow merkezde gurulýan mekdepleriň ikisiniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep bolmagynyň, bu ýerde Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda-da degişli orta hünär okuw mekdepleriniň işiniň ýola goýulmagyny üpjün eder.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň gurulýandygyny belläp, munuň ýaşlaryň höwes edýän ugurlary boýunça bilim almagyna giň ýol açjakdygyny belledi. Okuw merkezleriniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna, olarda okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Görkezilen taslamalara birnäçe bellikler aýdylyp, olar boýunça degişli maslahatlar berildi.

Iň täze habarlar

Söwda geleşikleriniň 16-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
SalamNews

Türkmenistan ADIPEC — 2023 halkara sergisine gatnaşýar

2 — 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC 2023» sergisi geçiriler.
SalamNews