Sazlamalar

Diller

TM

Ahalyň täze merkezi: aýratynlyklar, açyljak desgalar barada maglumat

SalamNews
Ykdysadyýet / Gurluşyk
Ahalyň täze merkezi: aýratynlyklar, açyljak desgalar barada maglumat

Sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça onuň birinji tapgyrynda 336 sany binanyň we desganyň, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ediljek çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Hususan-da, bu iri merkeziň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy, 14 sany inženerçilik ulgamy we desgasy gurlup tabşyrylmaga degişlidir.

Gurluşygyň iki tapgyrynyň dowamynda 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akaba, suwuň derejesini peseldiş ulgamy we lagym geçirijileri, 62,9 kilometr gaz geçirijisi, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlary, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bular barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji dekabrda bu ýerde geçiren iş maslahatynda habar berildi.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary mahalynda, bu ýurduň Gýongi welaýatynda bolup, dünýädäki ilkinji «akylly» şäherleriň biri bolan Suwon şäherine barlyp görlendigini habar berdi.

Bu şäheriň gurluşygyna 2007-nji ýylda başlanyp, tapgyrlaýyn ulanyşa berlendigine garamazdan, häzirki döwürde hem onuň gurluşygy dowam etdirilýär. Suwon şäherinde göz öňünde tutulan «akylly» şäher ulgamyndan has tapawutly aýratynlyklaryň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäherinde ulanylandygy bellendi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi şähergurluşygyň toplumlaýyn ulgamyny öz içine alýar. Bu iri merkez häzirki döwrüň — XXI asyryň üçünji onýyllygynyň innowasion we ylmy täzeçilliklerini öz içine alýar. Bu bolsa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dünýäde bina edilen «akylly» şäherlerden artykmaçdygyny subut edýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýokary depginde, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Merkeziň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, öňümizde çözülmeli birnäçe wajyp meseleler bar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy D.Täşliýewe degişli Karar esasynda topar düzüp, degişli desgalary kabul etmelidigini belledi.

Iň täze habarlar

Tatarystan Respublikasy 1,24 million dollarlyk azyk önümlerini Türkmenistana eksport etdi

27-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk önümçiligi ministrliginde Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew bilen gepleşikler geçirildi.
SalamNews

Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy.
SalamNews

Türkmenistan üçin Astrahanda 1 million tonnalyk ýük dolanyşykly konteýner terminaly gurlar

Hazar deňziniň rus kenarynda — Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň çäginde ýyllyk kuwwaty 1 million tonna barabar bolan konteýner terminaly gurlar.
SalamNews