Şu gün
Aşgabat
25 °C
Ertir
Aşgabat
25 °C
Birigün
Aşgabat
25 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
25 °C

Sazlamalar

Diller

TM

2 million inedördül metr seýilgähli «ýaşyl» şäher

Rahmanberdi Gökleňow. «SalamNews».
Ykdysadyýet / Gurluşyk
2 million inedördül metr seýilgähli «ýaşyl» şäher

Smart siti taslamalarynyň aglabasy, esasan, ekologiýa ugurly bolup, olarda tokaýlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. «Akylly» şäherler, Aşgabat siti hakyndaky makalalar toplumymyzy bu iri taslamanyň «ýaşyl» ugry baradaky söhbetimiz bilen jemleýäris.

Aşgabat-sitide binagärlik toplumlary bilen birlikde şäheri bagy-bossanlyga öwürmek üçin umumy meýdany iki milliondan gowrak inedördül metr bolan köp sanly seýilgähleriň, gök zolaklaryň daşky tebigy gurşaw bilen sazlaşykly gurluşygy alnyp barlar.

Seýilgählerdäki baglardyr güllere täze tehnologiýalar boýunça ideg ediler, tygşytly suwaryş ýola goýlar. Şäheriň tutuş daşy hem 300 — 350 metr aralygynda ýaşyl zolak bilen örtüler. Ol dürli tozanly ýellerden goraýan tebigy diwary emele getirer.

2 million inedördül metr seýilgähli «ýaşyl» şäher

Toplumda energiýany tygşytlamagyň täze tehnologiýalary ornaşdyrylar. Binalardyr desgalarda sarp edilýän energiýanyň köp bölegi olaryň özünde öndüriler, ýagny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alnar. Munuň üçin olaryň depesinde Gün panelleri ornaşdyrylar, hatda seýilgählerde-de adamlar ýörände energiýa öndürýän örtükler düşeler.

«Ýaşyl» şäheriň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk harytlary ulanylar. Onda elektromobiller hereket eder. Ähli ýollaryň ugrunda welosiped hem-de pyýada ýodalary göz öňünde tutular.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänama mynasyp bolan Aşgabat şäherinde ýene bir iri «ýaşyl» zolagyň döredilmegi şäher ekologiýasyny has-da gowulandyrar.

Görşümiz ýaly, Aşgabat sitiniň dünýäniň iň iri megapolisleriniň birine öwrüljekdigi Aý ýaly aýdyňdyr.

2 million inedördül metr seýilgähli «ýaşyl» şäher

Smart sitileriň taslamalarynda «Ähli nesilleriň şäheri», «Sazlaşyk şäheri», «Durnukly ýaşaýyş üçin täze taslama» ýaly dürli şygarlar öňe sürülýär. Aşgabat siti bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, XXI asyryň türkmen gudraty — täze eýýamyň hem arzuwlaryň şäheri, galkynyşlar mekanydyr.

2 million inedördül metr seýilgähli «ýaşyl» şäher

Iň täze habarlar

«Danfoss» Merkezi Aziýadaky müşderilerine has ýakynlaşýar

Dünýäde öňdebaryjy tehnologiýalar kompaniýasy bolan «Danfoss» Merkezi Aziýa döwletleri (Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan we Ermenistan) boýunça amallaryny Gazagystandaky sebit merkezinde dowam edýändigini mälim edýär.
SalamNews

«Belawia» Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär.
SalamNews

Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler.
SalamNews