«Oracle day»: Programma üpjünçiligi boýunça okuw maslahaty geçirildi
IT ulgamynyň hünärmenleri üçin Aşgabatdaky «Arçabil» oteliniň mejlisler zalynda «Oracle day» ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Ony dünýäniň iň uly programma we serwer ulgamlary bilen üpjün ediji «Oracle» kompaniýasy gurady.
Okuw maslahaty şu aşakdaky 3 tema boýunça geçirildi:
«Exadata X9» maglumatlar maşyny — täze mümkinçilikler;
«Oracle Audit Vault and Database Firewall-yň» kömegi bilen maglumatlar bazasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek;
«Oracle» inžener ulgamy.
Bu okuw maslahatyna «Oracle» kompaniýasynyň GDA döwletlerinde harytlary satmak boýunça başlygy Pawel Letýagin, «Oracle» ulgamy boýunça esasy geňeşçi Wladimir Owçinnikow, esasy inžener Robertas Balkiç onlaýn usulda gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Oracle» programma we serwer ulgamynyň çäklerindäki mümkinçilikleri, maglumatlary saklamagyň döwrebap usullaryny, bu programma üpjünçiligi arkaly işewürligi ösdürmegiň ýollaryny öwrendiler. Okuw maslahaty «Türkmen Tranzit» IT kompaniýasy tarapyndan guraldy.