Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Hünärmeniň maslahaty: Wi-Fi-yňyza näbelli ulanyjylaryň birikmeginiň howpy we özüňi goramagyň usullary

SalamNews
Tehnologiýa / Sanly ulgam
Hünärmeniň maslahaty: Wi-Fi-yňyza näbelli ulanyjylaryň birikmeginiň howpy we özüňi goramagyň usullary

Kiberhowpsuzlyk boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň biri hasaplanýan Alekseý Raýewskiý «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda Wi-Fi routeriňize birugsat birigen näbelli ulanyjylaryň ýetirip biljek zeperi barada gürrüň berdi.

Näbelli ulanyjynyň siziň internediňize birigen ýagdaýynda, gadagan edilen ýa-da ýalňyş maglumatlary ýaýratmagy, kezzapçylyk bilen meşgullanmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda size hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň soragynyň döremegi mümkin.

Alekseýiň aýtmagyna görä, bu jenaýatlarda siziň günäňiziň ýokdugyny subut etmek kyn bolýar hem-de köp wagty talap edýär. Şeýle ýagdaýda näbelli ulanyjylaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny ýüze çykarmak hem-de bökdençlikleriň öňüni almak maksadalaýykdyr.

Bu babatda hünärmen: «Özge adamyň internede birikmegi hiç bir ýagdaýda hasaba alynmaýar. Adatça, şeýle mümkinçilik hiç bir routerde ýok. Şonuň üçin hem Wi-Fi-yňyzyň degişli sahypasynyň üsti bilen wagtal-wagtal ulanyjylaryň sanawyny görmek maksadalaýykdyr» diýip, pikirini paýlaşýar.

Şeýle-de hünärmen Wi-Fi gurluşyňyzyň açar sözüni ýygy-ýygydan täzelemegi we onda sanlaryň, harplaryň hem-de bellikleriň sazlaşygyny ulanmagy maslahat berýär.

Iň täze habarlar

«Mercedes» hakyky liderler üçin täze ulagyny hödürleýär

«Mercedes» kompaniýasy bilen tanyş däl adam ýok bolsa gerek. Adamlaryň köpüsi kompaniýanyň awtomobillerine eýe bolmagy arzuw edýär.
SalamNews

Moda bilen gyzyklanýan adamlar üçin ajaýyp dizaýnly smartfon

«ZTE» kompaniýasy ýokary hilli smartfonlary öndürýändigi bilen meşhurlyk gazanandyr. Onuň ýakynda tanyşdyran «ZTE Axon 40 Ultra Aerospace Edition» smartfonlary hem ulanylan innowasion tehnologiýalary bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtda smartfonyň dizaýny kosmosdan ruhlanyp döredilipdir.
SalamNews

Iň ygtybarly ulaglaryň sanawynda siziň awtomobiliňiz hem barmy?!

Abraýly «ISeeCar» internet-saýty iň ygtybarly we çydamly, ýagny uzak wagtlap peýdalanyp boljak awtomobilleriň sanawyny düzdi.
SalamNews