Sazlamalar

Diller

TM

2022-nji ýylda iň köp satylan smartfon markalary

SalamNews
Tehnologiýa
2022-nji ýylda iň köp satylan smartfon markalary

«Canalys» kompaniýasy 2022-nji ýylda iň köp satylan smartfon markalaryny yglan etdi — diýip, «NTV haber» habarlar agentligi ýazýar. Smartfon öndürijiler «Samsung», «Apple», «Xiaomi» kompaniýalarynyň arasynda bäsdeşligiň artýandygyna garamazdan, bu ýylyň görkezijilerinde hem üýtgeşme bolmady.

Sanawyň kerwenbaşysy «Samsung» bolsa, 2-nji we 3-nji ýeri, degişlilikde, «Apple», «Xiaomi» kompaniýalary eýeleýär. «Samsung» smartfon bazarynyň 22 göterimini, «Apple» 19 göterimini, «Xiaomi» bolsa 13 göterimini eýelemegi başardy.

Geliň, 2022-nji ýylda iň köp satylan smartfon markalary bilen tanyş bolalyň!

  • «Samsung» — 264 million smartfon;

  • «Apple» — 228 million smartfon;

  • «Xiaomi» — 156 million smartfon;

  • «Oppo» — 108 million smartfon;

  • «Vivo» — 108 million smartfon.

Iň täze habarlar