Surat çekýär, roman ýazýar, klip düşürýär... Neýroulgam näme? Ol nähili işleýär?

Internetde «Neýroulgamyň çeken suraty bilen tanyş boluň!», «Neýroulgam roman ýazdy», «Neýroulgam wideo ýasady» ýaly ýazgylara häli-şindi gabat gelýäris. Saýtymyzda hem şeýle neýroulgamlaryň birnäçesi barada habar beripdik. Geliň, bu täsin tehnologiýa bilen ýakyndan tanyş bolalyň!
Neýroulgam düşünjesi
Neýroulgam ilkibaşda biologiýa ylmynda dörän düşünjedir. Ulgam neýronlaryň (ýat birligi) bir-birleri bilen sinopsisler (özünde maglumat saklaýan baglanyşyklar göz öňünde tutulýar) arkaly baglanyşmagyny göz öňünde tutýar. Ulgam diri jandarlaryň beýnisi ýaly işleýär, ýagny neýroulgam maglumatlary kabul edýär, olardan netije çykarýar, gerek bolsa ýatda saklaýar. Şol bir wagtyň özünde, neýroulgam adamyň goýan wezipesini ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Ýönekeý dil bilen aýtsak, degişli maglumatlar neýroulgama berilýär, ulgam olary öwrenýär, seljerýär we ýadynda saklaýar, soňra adam tarapyndan goýlan wezipäni amala aşyrýar.
Adam beýnisi neýroulgamdan tapawutlylykda köp wezipeli gurluşa eýedir. Beýnimiz maglumatyň üstünde işläninden soňra, ony organizmiň degişli agzalaryna — gola, aýaga, göze... geçirýär. Aslynda, adam beýnisinde 86 milliard neýro baglanyşyk bar, netijede, ol bitewülikde dürli wezipeleri amala aşyrmaga ukyplydyr. Biz bir elimiz bilen saçymyzy sypalap, ikinji elimiz bilen hat ýazyp bilýäris. Neýroulgamda bolsa şeýle baglanyşyklaryň sany birnäçe esse azdyr, netijede, ol bir wagtda ýekeje wezipäni amala aşyrmaga ukyply.

Neýroulgamlaryň görnüşleri
Neýroulgamlaryň esasy 4 görnüşi tapawutlandyrylýar:
Köp gatly neýron ulgamlary (perseptronlar). Bu neýroulgamlar san maglumatlarynyň üstünde işläp, çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaga ukyplydyr. Banklar bu neýroulgam bilen kime kredit bermelidigini-de kesgitleýärler;
Dürs neýroulgamlar suratlaryň üstünde işleýär. Olar smartfonlarda ýa-da beýleki enjamlarda alnan surata reňk bermek, ony sazlamak üçin peýdalanylýar.
Rekurrentiw neýron ulgamlary üýtgeýän maglumatlary ýygnamaga we seljermäge mümkinçilik berýär. Bu neýroulgam, esasan, kompaniýalaryň aksiýalarynyň bahalaryny yzarlamakda peýdalanylýar.
Generatiw neýroulgamlar teksti, suraty, wideony döretmek üçin peýdalanylýar. Olaryň içinde Midjourney we ChatGPT has-da meşhurdyr.
Neýroulgamlaryň esasy wezipesi adamyňka meňzeş çözgüt tapmakdyr. Şonuň üçin hem neýroulgama goýlan wezipä degişli ähli maglumatlar berilýär. Maglumat doly berilmese, neýroulgamyň maglumatlary hem dürs bolmaz. Mysala ýüzleneliň: biz Garri Potteri meşhur kiberpank dünýäsinde göresimiz gelse, Garri Potteriň kimdigi we onuň keşbi baradaky anyk maglumatlary Midjourney neýroulgamyna berýäris. Şol bir wagtyň özünde neýroulgama kiberpank dünýäsi baradaky takyk maglumatlar we dürs mysallar hem tabşyrylýar. Netijede, biz Garri Potteriň özboluşly keşbine syn edip bilýäris:

Neýroulgam nähili işleýär?
Neýroulgam öz işini 6 tapgyrda alyp barýar:
Wezipe kesgitlenýär. Adam neýroulgamyň haýsy wezipäni ýerine ýetirjekdigini kesgitleýär.
Maglumat ýygnamak. Neýroulgamyň netijeli işlemegi üçin oňa takyk we köp möçberli maglumatlar gerekdir. Bu maglumatlaryň esasynda neýroulgam okaýar we öwrenýär.
Maglumatlary seljerýär. Neýroulgam yzygiderli we takyk berlen maglumatlary seljerýär.
Neýroulgam maglumatlary öwrenýär. Neýroulgamlara wezipeleri öwretmek örän çylşyrymly işdir. Mysal üçin, neýroulgama Dota 2 oýnuny oýnamagy öwretmek üçin 10 000 ýyllyk (kompýuterde wagt tizleşdirilen usulda geçýär) okuw prosesi gerek bolupdyr.
Neýroulgama gözegçilik. Bu tapgyrda biz neýroulgamyň wezipeleri takyk ýerine ýetirýändigine seljeriş işlerini geçirmeli. Neýroulgam nädogry işlese, oňa gaýtadan okuw işleri geçirilýär we täze maglumatlar berilýär. Netijede, neýroulgam takyk işläp başlaýar.
Ýetmezçilikleriň düzedilişi. Neýroulgamyň işi bes edilýänçä täze maglumatlaryň esasynda ahyrky «önüm» kämilleşdirilýär. Mysal üçin, häzirki wagtda neýroulgamlar Gün ulgamyndaky arş gämilerini dolandyrýar. Gämiler arany açdygyça we täze hadysalara duş geldigiçe olary dolandyrýan neýroulgamlara täzeçe maglumatlary öwretmeli bolýar.

Neýroulgam emeli aň däl!
Adamlar neýroulgamlary emeli aň bilen çalyşýarlar. Emeli aň özbaşdak işläp, netije çykaryp, çözgüt kabul edip bilýär. Ol hemişe kämilleşmegiň ýolunda bolýar. Neýroulgamlar bolsa adam tarapyndan öwredilen zatlary seljerýär we onuň esasynda buýrulan işi ýerine ýetirýär.
Emeli aňyň näderejede akyllydygyny kesgitlemek üçin döredilen birnäçe testler hem bar. Mysal üçin, Týuringiň testi boýunça emeli aňyň IQ görkezijisini kesgitläp bolýar.
Netije
Neýroulgamlar bilen degişli türgenleşikler geçirilenden soňra, ol belli bir ulgamda adamlardan has tiz işläp bilýär.
Neýroulgamlaryň esasy ýetmezçiligi — berilýän maglumatlara baglylygydyr. Şeýle ýagdaýda adam tarapyndan girizilýän maglumatlaryň dogrudygyna köp zat bagly bolýar. Neýroulgam özbaşdak pikirlenip bilenok, netijede, ol ýalňyşy hem ýüze çykarmaýar. Şonuň üçin hem adam neýroulgama dürs maglumatlary girizmelidir.
Neýroulgamy ähli pudaklarda peýdalanyp bolýar. Ol berilýän maglumatlaryň esasynda islendik meseläni çözmäge ukyply.
Maglumatlara görä, adamyň häzirki ýerine ýetirýän işleriniň ýarysy awtomatlaşdyrylyp bilner. Şeýle ýagdaýda esasy orun neýroulgamlara degişli bolar. Olar buýrulan we öwredilen şol bir işi ýalňyşsyz, bökdençsiz ýerine ýetirip bilerler.