Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Teleportasiýa mümkin! Kwant fizikasynda adamyň geljekki ykbaly çözülýär

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar
Teleportasiýa mümkin! Kwant fizikasynda adamyň geljekki ykbaly çözülýär

Saýtymyzda öň habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylda fizika ugry boýunça Nobel baýragyna «Bulaşan fotonlar bilen baglanyşykly tejribeleri geçirendikleri, Belliň deňsizligini ýüze çykarandyklary we kwant informatikasynda açyşlary üçin» Alen Aspe, Jon Klauzer we Anton Saýlinger mynasyp görüldi.

Meşhur Görälilik nazaryýetiniň awtory Albert Eýnşteýniň fotoeffekt bilen baglanyşykly geçiren işleri kwant mehanikasyna düşünmekde wajyp orun eýeledi. Şondan bäri hem öz kanunlary boýunça hereket edýän kwant dünýäsi bilen baglanyşykly jedeller, düýpli ylmy-barlag işleri dowam edýär. Bu ugurdaky gazanylýan netijeler adamzadyň hil taýdan düýbünden täze eýýama gadam basmagynda wajyp orun eýelär.

Teleportasiýa mümkin! Kwant fizikasynda adamyň geljekki ykbaly çözülýär

Kwant mehanikasy barada gürrüňe başlamazdan ozal, alymlaryň hem kwant dünýäsi baradaky garaýyşlarynyň gutarnykly däldigini bellemeli.

Aslynda, adamyň aňy «kiçi» dünýäde bolup geçýän zatlara akyl ýetirip bilmeýär. Mysal üçin, ýokardaky suratdaky wakalar kwant dünýäsinde bolup geçýär diýip göz öňüne getiriň. Surata üns berseňiz, gyzjagaz dörtburç enjamyň çep tarapynda ak topy elinde saklaýar. Suratyň sag tarapyndaky oglanjykda bolsa gara top dur. Gyzjagaz ak topy eline alan pursaty oglanjyga gara topuň barandygyna düşünýär. Adaty mehanika fizikasynyň nazaryýetine laýyklykda, toplar elmydama gara we ak reňkli bolupdyr. Oglanjyk bilen gyzjagaz toplary alandan soňra, biz ol reňkleriň nähilidigine göz ýetirdik... Emma kwant mehanikasynyň nazaryýetinde çagalar toplary ellerine alýançalar olaryň reňkleriniň näbellidigi, hatda reňksizdigi nygtalýar.

Eýnşteýniň çaklamalaryna laýyklykda, ýagtylygyň tizligi dünýädäki jisimleriň hereketini esasy çäklendiriji ululyk däldir. Kwant mehanikasyndaky bölejikler üçin islendik aralyk bir pursatyň dowamynda geçilýär.

Mysal üçin, 2010-njy ýylda Palma adasyndaky laboratoriýadan 144 km uzaklykda ýerleşen Tenerif adasynda ýerleşen laboratoriýa birnäçe kwant bölejikleri teleportasiýa edildi. Şonda bir fotonyň maglumatlary goňşy adadaky barlaghana ugradylýar we şol ýerdäki fotona «birikdirilýär». Maglumaty göçürilip, başga ada ugradylan foton ýok bolup gidýär. Onuň göçürilen maglumatlary ýok bolan fotony başga ýerde dikeltmäge şert döredýär. Diýmek, teleportasiýa bir obýektiň göçürmesini başga bir ýerde ýüze çykaryp, asyl nusgany ýok etmegi aňladýar.

Adamy teleportasiýa etmek mümkinmi?

Bir gün adam teleportasiýa ediläýende hem ýokardaky ýörelgelere esaslanylar. Emma adamyň organizmi 7 oktillion (7-den soň 27 sany 0 ýazylmaly) atomdan ybaratdyr. Diýmek, adamy teleportasiýa etmek üçin, organizmdäki ähli atomlaryň maglumatlaryny, özara baglanyşyklaryny, adamyň ýatlamalaryny, ukyp-başarnyklaryny we beýleki ýüzlerçe maglumatlary dogry göçürmeli bolýar. Şol bir wagtyň özünde, iki bölejik atomyň teleportasiýasyny amala aşyrmak üçin iki sany äpet barlaghana gerek bolan bolsa, adamyň takyk göçürmesini döretmek we teleportasiýa etmek üçin näçe sany laboratoriýa gerek bolar...?!

Emma alymlar adamy teleportasiýa etmegiň tehnologiýalarynyň XXI asyryň dowamynda ýüze çykjakdygyna ynanýarlar.

Iň täze habarlar