Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«OguzRobot» topary Ženewada tehnologiýalar sergisine gatnaşar

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar
«OguzRobot» topary Ženewada tehnologiýalar sergisine gatnaşar

Şu ýylyň 13 — 16-njy oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde «2022 First Global Challenge» atly tehnologiýalar sergisi geçiriler. Onda Türkmenistana «OguzRobot» topary wekilçilik eder.

Ýaşlaryň tehnologiýalar babatdaky ukyp-başarnyklaryny öwrenmekde we tejribä ornaşdyrmakda wajyp orun eýeleýän sergide dünýäniň 180 ýurdundan meýletinçileriň, mugallymlaryň we beýleki robot tehnikasy bilen gyzyklanýanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergä gatnaşýanlar önümlerini we başarnyklaryny görkezip, planetany gurşap alan adamzat meselelerini çözmek bilen baglanyşykly tekliplerini hödürlärler. Şeýle-de sergä dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň gatnaşmagy birek-biregiň tejribesini öwrenmäge, sylag-sarpanyň we dostlugyň ýola goýulmagyna mümkinçilikleri döreder.

Iň täze habarlar