Sazlamalar

Diller

TM

Halkara «KIBERone» mekdebi «IT» programmirlemek ugry boýunça mugt ussatlyk okuw sapaklaryna çagyrýar

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar

30-njy sentýabrda Halkara «KIBERone» mekdebi çagalar we ulular üçin  «IT» programmirlemek ugry boýunça «Sanly Sowat» okuw merkezinde mugt ussatlyk okuw sapaklaryny geçirer.

Ussatlyk okuw sapaklary her bir gatnaşyjynyň ýaş aýratynlygy boýunça aýratyn mowzuklara bölünýär:

6-9 ýaşly çagalar üçin 12:00-dan 13:00 aralygynda «MinecraftEducation», «Scratch», «Piktomir» ugurlary boýunça;

13:00-dan 14:00 aralygynda 10-13 ýaşly çagalar üçin: «GameDev» mowzugy boýunça;

14 we ondan uly ýaşly çagalar üçin 14:00-dan 15:00-a çenli «HTML / CSS», «Python» ugurlary boýunça okuw sapaklary geçiriler.

Şeýle hem «Sanly Sowat» okuw merkezi okuw tapgyrynyň tölegini birbada töläniňizde 30% arzanladyş yglan edýär. Bu elýeterli bahadan ýokary hilli bilim almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Her bir okuwça dostlukly ýagdaýy döredýän we her bir okuwçynyň ösüşini goldaýan ökde mugallymlardan aýratyn çemeleşme kepillendirilýär.

Has giňişleýin maglumat we okuwa ýazylmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

+993 62 206419, +993 63 639192, +993 62 525638.

Sanly Sowat okuw merkeziniň salgylary:

Türkmenbaşy şaýoly, TSTB binasy, 7-nji gat;

A.Nyýazow şaýoly, TSTB binasy, 5-nji gat.

Iň täze habarlar