Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Owganystan ilkinji superkaryny tanyşdyrar

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar
Owganystan ilkinji superkaryny tanyşdyrar

Owganystan özüniň ilkinji superkaryny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. «Mada 9» ady bilen öndüriljek awtoulagyň «Bugatti» kysymly awtoulagyň bäsdeşi bolmagyna garaşylýar. Döwrebap awtoulagyň dört silindrli hereketlendirijisiniň boljakdygy hakynda maglumatlar bar. Bu barada carscoops.com saýty habar berýär.

Maglumatlara görä, «Mada 9» Owganystanyň Nawawari tehniki we hünär bilim merkezinde döredildi. Awtoulag ENTOP we ýurduň IT ministrligi we Owganystanyň innowasiýa merkeziniň önümidir.

Häzirki wagtda awtoulag barada jikme-jik maglumatlar okyjylara mälim edilenok. Emma awtoulag bilen bagly käbir wideolar jemgyýetçilik torlarynda ýaýradyldy.

«Mada 9» kysymly awtoulag bilen Katarda geçiriljek «Doha Expo 2023» halkara sergisinde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

Iň täze habarlar

Dünýäniň iň ýokary hilli awtomobiliniň önümçiligi wagtlaýynça bes ediler

«Chevrolet Camaro» awtomobil önümçiliginiň taryhynda iň şowly çykan ulaglaryň biridir. Ol «Mustanglar» bilen birlikde amerikan awtoöndürijiliginiň iň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýar.
SalamNews

Hepdede iki gezek zarýad bermek ýeterlik: «Huawei» täze smartfony bilen tanyşdyrdy

«Huawei» kompaniýasy täze «Enjoy 60» smartfony bilen tanyşdyrdy.
SalamNews

«Türkmenpoçta» «Çapar» goşundysyna täzelenme girizdi

Ýakynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy köp mümkinçilikli «Çapar» goşundysyna täzelenme girizdi.
SalamNews