Sazlamalar

Diller

TM

«Türkmentel – 2023» halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar

Şu gün — 10-njy noýabrda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan guralan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady. Halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi.

Şu gün forumyň ýöriteleşdirilen sessiýasynyň gün tertibine aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary, ykdysadyýetdäki amaly maksatnamalar we hyzmatlar, sanly özgertmeler hem-de sanly jemgyýetiň ösüşi girizildi.

Milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn forum bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy hem-de dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Iki günüň dowamynda serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleridir olaryň düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkezildi.

Şeýle hem gözden geçirilişde simli telefon aragatnaşygyny ösdürmek ulgamynda, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlarynda gazanylan üstünlikler görkezildi. Şeýle bank hyzmatlary arkaly ýurdumyzyň çäginde hem-de daşary ýurtlarda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.

Sergide döwlet edaralary bilen birlikde, ýurdumyzyň telekommunikasiýalar we kompýuter tehnologiýalary bazarynda, şol sanda tehniki torlara hyzmat etmek, teleradio ýaýlyma beriş, wideogözegçilik we howpsuzlyk ulgamlarynda üstünlikli iş alyp barýan hem-de yzygiderli ösýän hususy kärhanalaryň, kompaniýalaryň köp sanlysynyň öz hyzmatlaryny mynasyp şöhlelendirendikleri bellärliklidir. Hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň 30-a golaýy, şolaryň hatarynda «Aýdyň gijeler», «Imdat elektronika», «Diýarkom», «Türkmen hemrasy», «Sitkom», «Beýik Ýüpek ýoly», «Ýokary tilsimatlar merkezi», «Türkmen Akaba» ýaly kompaniýalar ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny öňdebaryjylaryň hataryna çykarmakda telekeçileriň goşýan uly goşandyny giňden açyp görkezdi.

Halkara gözden geçirilişe ulag ulgamynyň agentlikleri we pudaklaýyn kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar. Ýokary duýujylykly radionawigasiýa ulgamlary, ulag akymlaryna gözegçilik we beýlekiler olaryň üstünlikli işini hem-de howa, awtomobil, demir ýollarda hereketleri netijeli dolandyrmagy üpjün edýär.

«Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çägindäki ähli çäreleriň tamamlanmagy bilen, oňa gatnaşan daşary ýurt we türkmen kompaniýalarynyň tehnologiki çözgütleri öňe sürmekdäki we Türkmenistanda telekommunikasiýa pudagyny ösdürmekdäki goşantlary bellenilip, degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Iň täze habarlar

Ýedi orunlyk «Volkswagen Tiguan 2025» gyş synagynda surata düşürildi

Ýewropada gyş synaglary wagtynda «Tiguan Allspace» awtoulagynyň ornuny tutup biljek täze «Volkswagen Tayron» krossoweri peýda boldy.
SalamNews

Dünýäniň ilkinji agaçdan ýasalan emeli hemrasy älem giňişligine goýberiler

Ýaponiýanyň Kyoto uniwersiteniniň alymlary «LignoSat» atly dünýäniň ilkinji agaç ýasalan emeli hemrasyny döretdiler.
SalamNews

Moskwa şäherinde sürüjisiz «Pikseller» işe başlady

Sergeý Sobýanin «Piksel» sürüjisiz howly süpüriji ulagynyň üstünlikli barlagdan geçendigi barada gürrüň berýär.
SalamNews