Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Intel» we «Broadcom» kompaniýalary maglumat ibermegiň tizligini sekuntda 5 GB-a ýetirdiler

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar
«Intel» we «Broadcom» kompaniýalary maglumat ibermegiň tizligini sekuntda 5 GB-a ýetirdiler

«Intel» we «Broadcom» kompaniýalary maglumat iberijiligiň täze ülňülerine gabat gelýän innowasiýalar bilen tanyşdyrdylar. Oňa laýyklykda, täze Wi-Fi 7 (802.11 be) tehnologiýasy maglumat iberijiligiň tizligini sekuntda 5 GB-a ýetirmäge mümkinçilik berer.

Döredilen tehnologiýalar VR enjamlaryny bökdençsiz ulanmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu tehnologiýanyň üsti bilen 16 K hilli wideolara hem tomaşa edip bolar. Önümiň öňümizdäki ýylda resmileşdirilmegine we 2024-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Ýakynda ABŞ-nyň «Qualcomm» kompaniýasy täze Wi-Fi 7 ülňülerine niýetlenen adapterini muşdaklaryna hödürläpdi.

Iň täze habarlar