Sazlamalar

Diller

TM

Dünýäde iň köp ulanylýan parollar mälim edildi

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar

Internet ulanyjylar adatça öz akkauntlary üçin iň aňsat paroly belleýärler. Muny bilermenleriň maglumatlary tassyklady.

«NordPass» parol dolandyryjylary 2023-nji ýylyň iň meşhur parollarynyň ýigrimiliginiň sanawyny düzdiler.

Şeýlelik bilen, adamlar köplenç 1-den 6-a çenli — «123456» sanlary ulanyp, maglumatlaryny goraýarlar.

Bu parol internet ulanyjylar tarapyndan 4 524 867 gezek ulanylypdyr.

Ikinji ýer «admin» bolup, ol 4 008 850 gezek ulanyldy.

Dünýäde iň köp ulanylýan parollar mälim edildi

Hünärmenleriň pikirine görä, ýörite programmalary bolan hakerler şeýle paroly birnäçe sekundyň içinde tapyp bilerler.

Iň gowşak parollaryň sanawynyň başynda duran «Password» şu ýyl ýedinji orna düşdi.

Mundan başga-da, internet ulanyjylarynyň iň halanýan parollarynyň arasynda «Unknown» we 0000 kombinasiýalary bar, klawiýaturada yzygiderli  ýerleşýän sanlardan ýa-da harplardan ybarat. Mysal üçin, «123», «12340187», «12345», «12345678», «123456789», «1234567890», «Aa123456».

Dünýäde iň köp ulanylýan parollar mälim edildi

Iň täze habarlar