Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

AŞTU edara-kärhanalara we telekeçilere täze hyzmatlary hödürleýär

SalamNews
Tehnologiýa / IT-tehnologiýalar
AŞTU edara-kärhanalara we telekeçilere täze hyzmatlary hödürleýär

Dürli edara-kärhanalar, firmalar, kompaniýalar we hususy telekeçiler Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) bilen «Call center» hyzmatyna şertnama baglaşmak arkaly, özlerine degişli bolan telefon belgilerinde maglumat we sorag-jogap operator ýerlerini gurnamaga mümkinçilik aldylar.

Aşgabat şäher telefon ulgamynyň resmi web-saýtynda habar berilmegine görä, «Call center» hyzmatynyň firmalaryň, kompaniýalaryň we hususy telekeçileriň öz hyzmatlaryny we harytlaryny ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlemekde, ýaýratmakda uly ähmiýeti bardyr. «Call center» hyzmaty üçin berkidilen telefon belgileri jaň edýän müşderiler üçin elmydama açyk bolup, operator bilen söhbetdeşlik arkaly gerekli maglumatlar bilen üpjün bolýarlar.

Şeýle hem öz önümçilik işinde sanly ulgamlary, internet we onlaýn söwda hyzmatlaryny ulanýan hususy kärhanalar, telekeçiler, firmadyr kompaniýalar üçin AŞTU tarapyndan «Co-location» hyzmaty hem ýola goýuldy. Müşderiler bu hyzmatdan peýdalanmak bilen, öz web-sahypalaryny, maglumatlar binýadyny ýerleşdirmek üçin AŞTU-nyň uly serwerlerinden ýat bölek ýerlerini kärendesine almak ýa-da özlerine degişli bolan serwerleri AŞTU-nyň tehniki otagynda ýerleşdirmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler.

«Co-location» hyzmatyna şertnama baglaşmak we özleriniň serwer enjamlaryny AŞTU-nyň tehniki otagynda ýerleşdirmek arkaly, müşderiler bu serwerlere 24/7 görnüşde tehniki hyzmat, bökdençsiz tok çeşmesi bilen üpjün bolýarlar we serwer merkezi aragatnaşyk toruna birikdirmek üçin aragatnaşyk ulgamlaryny, kanallary kärendesine almak zerurlygyny aradan aýyrýarlar.

Iň täze habarlar

Dünýäniň iň ýokary hilli awtomobiliniň önümçiligi wagtlaýynça bes ediler

«Chevrolet Camaro» awtomobil önümçiliginiň taryhynda iň şowly çykan ulaglaryň biridir. Ol «Mustanglar» bilen birlikde amerikan awtoöndürijiliginiň iň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýar.
SalamNews

Hepdede iki gezek zarýad bermek ýeterlik: «Huawei» täze smartfony bilen tanyşdyrdy

«Huawei» kompaniýasy täze «Enjoy 60» smartfony bilen tanyşdyrdy.
SalamNews

«Türkmenpoçta» «Çapar» goşundysyna täzelenme girizdi

Ýakynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy köp mümkinçilikli «Çapar» goşundysyna täzelenme girizdi.
SalamNews