
«Google Developer Group Ashgabat» şu ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «DevFest 2023» atly maslahaty geçirjekdigini mälim etdi.
«DevFest» IT-iň köp ugurlaryny öz içine alýan we bütin dünýäde «Google» döredijileri (GDGs) tarapyndan gurnalan ýerli tehnologiýa konferensiýasydyr.
Bu çäräniň maksady, bileleşigi birleşdirmekden, tehnologiýalary dürli pudaklar bilen meşgullanýan adamlara ýakynlaşdyrmakdan we olary öz ugry boýunça hünärmenler bilen duşuşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan, täze bir zat öwrenmekden hem-de umumy ösüşiň peýdasyna bilim alyşmakdan ybaratdyr.
Maslahatyň diňleýjileri talyplar, hünärmenler we tehnologiýa bilen gyzyklanýanlar bolar. Tehnologiýa pudagy bilen gyzyklanýan öwrenjeler we tejribeli hünärmenler «DevFest» konferensiýasyna gatnaşyp bilerler.