Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

28-nji sentýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
28-nji sentýabryň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Agşam golaýlaýança wajyp işleri etmekden we gepleşikleri geçirmekden saklanyň. Jogapkärli işleri gijräge goýup, günüň birinji ýarymynda zerur bolmadyk zatlar bilen meşgullanyň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Batly sesiňiz bilen gürlemejek boluň. Şu gün adamlara ýakymly we mylaýym sözleri aýtsaňyz, maksadyňyza tiz ýetersiňiz.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün sizi aldawa salmaga synanyşmaklary ähtimaldyr. Şonuň üçin hem seresaplylygy elden bermäň we işleriňizi ünsli ýerine ýetiriň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Şu gün öňden galan işleriňizi ýerine ýetirseňiz ýa-da köne dostlaryňyz bilen habarlaşsaňyz gowy bolar. Umuman, şu gün geçmişden galan meselelerdir işler bar bolsa, şolar bilen meşgullanyň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün birnäçe gün bäri ýerine ýetirip bilmeýän işiňizi üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Aslynda, şu gün esetler üçin örän şowly bolar. Durmuşyň döredýän mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmaga çalşyň!

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Öz başarýan işiňizi özge adamlara buýurmaň. Özüňize ynamyňyzy artdyrmak we işlemegiň üsti bilen kämilleşmegi bes etmezlik siziň geljekdäki üstünlikleriňiziň açarydyr.

Mizan (24.09 — 23.10)

Şu gün size şübhelilik mahsus bolar. Şol bir wagtyň özünde ynamyňyza giren adamlaryň hyzmatyndan peýdalanmaga çalşyň. Mümkinçilikleriňizi ýerlikli ulanyň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Öz güýjüňize ynanyň. Şol bir wagtyň özünde adatdan daşary agyr işleri hem ýeke ýerine ýetirjek bolup durmaň. Ýoldaşlaryňyzdan kömek soramakdan we olaryň hyzmatlaryndan peýdalanmakdan çekinmäň.

Kowus  (23.11 — 21.12)

Şu gün hiç bir zat siziň öňüňizde böwet bolup bilmez. Esasy zat, özüňize erk ediň we tutanýerli zähmet çekiň. Öňüňizde goýlan wezipeleri wagtynda ýerine ýetiriň. Siziň garaşýan üstünligiňiz ýakyn wagtda geler.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün size degişgenlik mahsus bolar. Şonuň üçin hem gülmekden saklanmaň. Siziň gülkiňiz geljekdäki ýatda galyjy pursatlary dörediji çeşmedir.

Daluw (21.01 — 20.02)

Gaharyňyzy ýuwutmaga çalşyň. Siziň gaharyňyz ýakyn adamlaryňyzyň göwnüne degmek üçin ýeterlik sebäp däldir. Onuň deregine töweregiňizdäki adamlar bilen düşünişiň we olara nusga görkeziň.

Hut (21.02 —20.03)

Şu gün pul bilen baglanyşykly bolmadyk işleriň ählisini üstünlikli ýerine ýetirip bilersiňiz. Emma işewürlik we maliýe meseleleriňiz bar bolsa, gowusy, olary soňa goýuň.

Iň täze habarlar

6-njy dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

5-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

4-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews