Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

12-nji sentýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
12-nji sentýabryň täleýnamasy

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04)

Hamallaryň şu güni örän işjeň ýagdaýda geçer. Hamallar üçin iş orunlary mähriban öýi ýaly bolar. Emma muňa garamazdan arasynda öz maşgalaňyz, öýüňiz, däp-dessurlaryňyz hakda hem oýlanyň. Ata-eneleriňize kömek ediň, öýüňizi abatlaň, ýakyn adamlaryňyzyň saglygy, gerek zerur zatlary hakda alada ediň. Tutanýerli bolsaňyz, hökman üstünlik gazanarsyňyz.

2.SOWUR (Öküzçe 21.04—20.05)

Eger siziň bu gün hiç zat edesiňiz gelmeýän bolsa, onda hiç zat etmäň. Häzirki wagtda güýç toplan sowurlar, güýz aýynda wezipelerinde beýgelip bilerler. Size kömek etjek we siziň kömek etjek adamyňyz, bu siziň özüňizsiňiz. Sowurlar işlerini üýşürmeli däl. Galan işler soňra özüňize azar bolar. Iş borçnamalaryny ak ýürek bilen ýerine ýetiriň.

3.JÖWZA (Ekizekler 21.05—21.06)

Bu gün ykbal jöwzalary ýatlamalaryna dolar. Olaryň durmuşynda käbir pursatlar gaýtalanar ýa-da köne tanyşlaryna sataşarlar. Durmuşda käte kiçi düzgün bozmalar hem uly zada ýazyp biler. Jöwzalaryň ykbalynda hem kiçi diýlen düşünje ýokdur. Iň esasy zat bar bolan güýjüňizi peýdaly tarapa gönükdirmek, ruhy baýlygyňy artdyrmak, hünär endiklerini kämilleşdirmek. Olaryň maddy-üpjünçilik ýagdaýy ýokarlanyp başlar. Goşmaça iş we ýene-de dürli gazanç çeşmeleri tapylar.

4. SERETAN (Leňňeç 22.06—22.07)

Bu gün seretanlara arkaýynçylyk ýat bolar. Diňe yhlas bilen işleseler bu gün olara şowlulyk getirer. Mümkinçiliklerden peýdalanyň, özüňizi aýamaň, üýtgemekden çekinmäň. Şowlulyk hemişe gabat gelip duranok. Güýjüňiz, ideýalaryňyz, pikirleriňiz köp. Daş-töweregiňizdäkiler hem size kömek etmäge, goldamaga çalyşýarlar. Pursatdan peýdalanyň.

5.ESET (Ýolbars 23.07—23.08)

Bu gün esetleriň göwni özgerişlik, täze-täze duýgulary küýsär. Wakalary gyssamaň. Daş-töweregiňizdäkileriň pikirlerini, gyzyklanmalaryny öwreniň. Netije çykaranyňyzda duýgularyňyza däl-de, hakykata daýanyň. Maddy-üpjünçilik babatda olara ýeňil gazanç bolmaz. Eger-de yhlas bilen işleseňiz, goşmaça gazanç çeşmesine duşarsyňyz we girdejiňiz göz-görtele artar.

6.SÜNBÜLE (Gyz 24.08—23.09)

Bu gün sünbüle ýyldyzy astynda doglanlar işde ýüze çykjak sowallara ýumşaklyk bilen, emma juda ynamly erk etmegi başararlar. Eger-de size goşmaça jogapkärçiligi tabşyrsalar, ony höwes bilen boýnuňyza alyp bilersiňiz, ol size bähbit getirer. Sünbüleler hünär, iş orunlarynda hökman meýilnama görä, juda ownuk zatlary ünsden düşürmän işlemeli. Kynçylyklaryň öňünde ýaýdanmasaňyz, üstünlik gazanarsyňyz.

7.MIZAN (Terezi 24.09—23.10)

Bu gün mizanlar geleňsizlik diýlen zady ýatlaryndan çykarmaly bolarlar. Öz üstünlikleriňizi sypdyrmaň, işleriňizi başarnygyňyza görä ýerine ýetiriň. Olaryň durmuşy iki bölege bölüner. Iş ýerlerinde olar özlerini salyhatly alyp bararlar. Şahsy durmuşlarynda hyjuwdan ýaňa özlerine ýer tapmazlar. Tejribeli hünärmenler bilen pikir alşyň, hünär ugrundan ýörite edebiýatlary okaň.

8.AKRAP (Içýan 24.10—22.11)

Şu gün akraplaryň ünsüni işinde ýa-da şahsy durmuşynda özgerişleriň bolup geçäýmeginiň ahmallygy bilen özüne çeker. Bu günüň berýän wadalaryna çynlakaý garamaň. Olaryň ählisiniň durmuşynda özgerişlikleriň bolup bilmejekdigi düşnüklidir. Akraplar bu gün alyp barýan işleri hakda çynlakaý oýlanmaly. Işiňize berýän yhlasyňyz, wagtyňyz, ondan alýan girdejiňize laýyk gelýärmi? Gelmeýän bolsa, iş wagtyňyzy oýlanyşykly peýdalanyň.

9.KOWUS (Keman 23.11—21.12)

Bu gün kowuslaryň şahsy durmuşyna bütin durky bilen üns beresi geler. Ýyldyzlar iş meselesi bilen şahsy durmuşy garyşdyrmazlygy maslahat berýär. Goý, hemme zatlar öz akymyna gitsin. Öz-özüňiz bilen sazlaşykda ýaşamaga çalşyň. Günüň şowlulygy olaryň özüne bagly. Ozaldan düzülen meýilnama boýunça işläň, üstünligiň özi sizi gözläp tapar. Bu gün kowuslara ençeme toý çakylyklary geler.

10.JEDI (Owlak 21.12—20.01)

Bu gün jedileri güýçli hyjuw gaplap alar. Şonuň üçin işiňize-de, şahsy durmuşyňyza-da täzeçil garaýyşlar bilen çemeleşiň. Eger-de siz hökman bir işi ýerine ýetirmeli bolsaňyz, onda ikirjiňlenmäň. Häzirki döwür jediler üçin diňe bir ýeten derejelerini saklamagyň däl, eýsem, täze belentlikleri eýelemegiň hem wagtydyr. Ýeňiş siziň bilen bolar, ýöne munuň üçin ýakyn adamlaryňyz we işdeşleriňiz bilen agzybir, hoşgylawly bolmagyňyz gerek. Ýöne unutmaň. «Dil bela...» diýlipdir, artykmaç zat gürlemäň.

11.DALUW (Gowa 21.01—20.02)

Daluw ýyldyzy astynda doglanlar bu gün kärdeşleriniň kömegine we sözüne bil baglap bilerler. Eger-de olara täze taslama boýunça işlemegi teklip etseler-ä, hökman hem olary diňlemekleri gerek. Salyhatly boluň, puluňyzy we wagtyňyzy boş ýere harç etmäň. Kärdeşleriňiz bilen güýjüňizi birleşdirip, agzybirlikde işläň. Haýsydyr bir işe öz islegiň bilen başlamak gowy zat, emma töweregiňizdäkileriň maslahatyny hem diňläň. Gatnaşmak üçin özüňize laýyk adamlary saýlaň.

12.HUT (21.02—20.03)

Hutlar uzak wagtlap häsiýetlerindäki ýetmezçilikleriň üstünde işlediler. Şonuň üçin şu günden olaryň durmuşynda uly mümkinçilikler we täze jogapkärçilikleriň döwür başlaýar. Olar bu döwürde köp zatlara täzeden girişmeli bolarlar. Esasan hem, hünäriňize täzeden girişmäge çekinmäň. Ähli özgertmeler diňe gowulyga tarap bolar. Maşgalaňyza we öýüňize üns beriň. Öýleriňizde abatlaýyş-bejeriş işlerini geçiriň. Bar bolan sowallary çözmek we dogry karara gelmek üçin özüňize wagt aýryň.

Iň täze habarlar

2-nji oktýabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji oktýabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

30-njy sentýabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews