Sazlamalar

Diller

TM

9-njy fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
9-njy fewralyň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Bu günki içki energiýaňyz, güýç-kuwwatyňyz örän ýokary derejede bolar. Özüňize peýdaly işleri etjek boluň. Ýyldyzyňyz sizi goldaýar.

Sowur (21.04 — 20.05)

Günüň ähli wakalary iş wagtyňyzy gowy meýilleşdirmäge we abraýyňyzy ýokarlandyrmaga kömek eder. Siz şu gün başgalara kömek etmek arkaly köp meseleleriňize çözgüt taparsyňyz.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün özüňizde uly jogapkärçiligi duýarsyňyz. Maşgalada, durmuşyňyzda ownuk meseleler ýüze çykyp biler. Netijeli çözgüt kabul etmek isleseňiz ýakynlaryňyza geňeşiň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün özüňizde nämedir bir zadyň ýetmezçilik edýändigini duýarsyňyz. Unutmaň! Ilkinji nobatda, öz-özüňi terbiýelemek meseleleri çözmäge kömek eder.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün siziň güýjüňize bäs geljek päsgelçilik bolmaz. Kime wada berseňiz hem sözüňizde tapylmaga mümkinçilik bolar. Mundan başga-da, bu gün iş ýa-da saglyk aladalaryňyz arkaly möhüm adam bilen tanyşmagyňyz mümkin.

Sünbüle (24.08 — 23.09)

Bu gün başarnyklaryňyzy ösdürmek üçin gowy gün bolar. Esasanam, saglygyňyzy berkitmek üçin. Özüňize ideg etmegi, sagdyn durmuş endiklerine eýermegi maslahat berýäris.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu günki kabul eden çözgütleriňiz ýakyn wagtda size uly kömek eder. Bu gün yhlasyňyzy, hormatyňyzy görkezip, kärdeşleriňiz, maşgalaňyz bilen gatnaşyklary berkitmek üçin amatly pursatlar dörär.

Akrap (24.10 — 22.11)

Daş-töweregiňizde täze adamlar peýda bolar. Bu täze tanyşlyk, täze dostluk siziň durmuşyňyzy düýbünden özgerder.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün sizi köp wagtdan bäri aladalandyryp gelýän meseleleri çözmek üçin ajaýyp gün bolar. Size gowy habar bar.

Jedi (22.12 — 20.01)

Häzirki wagtda adamlar bilen işjeň aragatnaşyk saklamak döredijiligiňiz üçin peýdaly bolup biler. Günüň dowamynda size bäsdeşlik edýänleriň sany artar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Şu gün maliýe ýagdaýyňyzy üýtgetjek täzelik bolar. Köp mukdarda pul gelmegi mümkin. Munuň özi günüň dowamynda özüňizi bagtly duýmaga ýardam eder.

Hut (21.02 —20.03)

Ýakynlaryňyzyň biri sizden kömek sorar. Onuň haýyşyny bitirseňiz, günüň dowamynda özüňizden minnetdar bolarsyňyz. Eger-de haýyşyny bitirmeseňiz, soňra ökünmegiňiz mümkin.

Iň täze habarlar

27-nji fewralyň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

26-njy fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews

25-nji fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews