Sazlamalar

Diller

TM

7-nji fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
7-nji fewralyň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Günüň säheri size täze bagty buşlar. Bu günde durmuşyňyzy bagta ulaşdyrjak käbir yşaratlary görmegiňiz mümkin. Bu alamatlar sizi geljege ruhlandyrar.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün gitmek isleýän üýtgeşik ýerleriňizden çakylyk geler. Käbir adamlara siziň kömegiňiz gerek. Duýgularyňyza diň salyň we olara eliňizden gelen ýardamy berjek boluň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Karýeraňyzda görnükli üýtgeşmeler bolup geçer. Kämilleşmek üçin täze mümkinçilikler, teklipler gelip gowşar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu günüň iň şowly ýyldyzy siz bolarsyňyz. Çünki size ýakyn adamlaryň biri iň uly maksadyňyza ýetmekde ýardam berer.

Eset (23.07 — 23.08)

Şu gün size kimdir biri muzdsuz maddy goldaw berer. Şonuň netijesinde-de, eliňizden çekilen ýaly bolarsyňyz. Karzyňyzy üzmek, bergileriňizi bermek üçin gowy mümkinçilik dörär.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Maşgala gatnaşyklaryňyzda täzelikler bar. Dostlaryňyz bilen hemsöhbet bolmak üçin bu gün amatly gün bolar.

Mizan (24.09 — 23.10)

Ýyldyzyňyz bu gün size bagtyň, şowlulygyň hemra boljagyny aýdýar. Şonuň üçin-de, günüň dowamynda size şowlulyk we üstünlik ýar bolar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Akraplaryň söýgi durmuşynda biraz meseleler ýüze çykyp biler. Şonuň üçin siziň geçirimli we sowukganly bolmagyňyz gerek. Şeýle bolanda ähli zat isleýşiňiz ýaly bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

«Atylan ok daşdan gaýtmaz» nakyly bu gün hut kowuslar üçin diýlen ýaly. Kynçylyklara seretmezden, başlan işiňize okgunly ýapyşsaňyz, siziň üçin pellehana uzakda bolmaz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Işiňizdäki we durmuşyňyzdaky meseleleriň özi-özünden çözülip gitmegine haýran galmaň. Çünki bolýan zatlaryň ählisi siziň çeken yhlasyňyza goýlan sarpadyr. Has gönüläp aýtsak, jediler muňa mynasypdyr.

Daluw (21.01 — 20.02)

Ýyldyzlar maddy ýagdaýyňyz babatda täze girdeji çeşmeleriniň döräp biljekdigini aýdýarlar. Emma ol özüňize we tutanýerliligiňize bagly bolar. Dörän mümkinçiligi sypdyrmajak boluň.

Hut (21.02 —20.03)

Durmuşyňyzda sizi howsala salyp duran ýagdaýlaryň başyňyzdan sowulmagy sizi begendirer. Şu wagt hutlara ylahy güýçler kuwwat berýär. Şonuň üçin olar islendik hyýalyny durmuşa geçirmäge ukyply bolarlar.

Iň täze habarlar

27-nji fewralyň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

26-njy fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews

25-nji fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews