Sazlamalar

Diller

TM

6-njy fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
6-njy fewralyň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Hamallar bu gün nädogry iýmitlenmekden saklanmalydyrlar. Durmuşyňyzda aýagyňyzdan aslyşýan adamlardan daşda duruň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün kimdir birine eden kömegiňiz, gysga wagtyň içinde özüňize ýagşylyk bolup gaýdyp geler. Durmuşyňyzda hemme zat isleýşiňiz ýaly dowam eder.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Siziň üçin fewralyň iň gowy güni, megerem, şu gün bolsa gerek. Karýeraňyzy ösdürmek üçin amatly mümkinçilik dörär we şunuň bilen baglanyşykly gowy habarlary alarsyňyz.

Seretan (22.06 — 22.07)

Maşgalaňyz bilen bile wagt geçirmek bu günki şähdaçyklygyňyz üçin gowy bolar. Eger-de bir ýerlere syýahata gitmek isleýän bolsaňyz, onda bu gün gijä galmaň.

Eset (23.07 — 23.08)

Ene-ataňyzyň ýanyňyzda bolup, size goltgy bermegi üstünliklere ýetmegiňizde basgançak bolar. Ýaşaýyş jaýyny gözleýän esetler üçin gowy habarlar bar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Söýgi babatda siziňki şowuna. Söýgüliňiz ýa-da ýanýoldaşyňyz, maşgalaňyz bilen gatnaşyklaryňyzy has-da gowulandyrmak üçin ähli mümkinçilikler eliňizde. Pursatdan peýdalanyň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Maliýe ýagdaýyňyzyň pese düşüp başlamagy sizi aladalandyryp biler. Býujetiňize görä, gün tertibiňizi düzüň. «Ýorgana görä, aýak uzat» diýip ýönelige aýdylmaýar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Täze işe geçmek isleýän akraplar bu gün öz arzuwlaryna tarap ädim äderler. Bu babatdaky täzelikler sizi begendirer.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün siziň üçin rysgally bolar. Özüňiz duýsaňyz, duýmasaňyz hem, saçagyňyzyň, pullaryňyzyň berekedi artar. 

Jedi (22.12 — 20.01)

Saglyk ýagdaýyňyzyň gowulanýandygyny duýarsyňyz. Täze taslamalaryň, işleriň başyna barsaňyz siziňki oňuna bolar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu güni durmuşyňyzda möhüm orun eýeleýän adamlara sarp edersiňiz. Dostlaryňyz bilen baglanyşykly gowy habarlar gelip gowşar.

Hut (21.02 —20.03)

Ruhuňyzda, bedeniňizde ýadawlyk duýmagyňyz mümkin. Hepdäniň dowamyndaky iş-aladalar gerdeniňizi basýan bolsa, ýakynlaryňyz bilen tebigata, açyk howada dynç almaga çykyň. Bu size indiki hepdäniň öňüsyrasynda ruhubelent bolmagyňyza kömek eder.

Iň täze habarlar