Sazlamalar

Diller

TM

4-nji fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
4-nji fewralyň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün geçmişe dolanyp, käbir zatlary düzetmek islärsiňiz. Öňki eden işleriňizi täzeden düzetmek üçin amatly mümkinçilikler dörär. Täzeliklere taýyn boluň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Nähili ýagdaýda bolsaňyz hem howlukmaň, ýyldyzlar bu gün sabyrly bolmagyňyzy maslahat berýär. Sebäbi her bir aýdan sözüňiz ýa-da hereketiňiz geljegiňize täsir eder.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün siziň üçin tüýs dynç almagyň, ukyp-başarnyklaryňyzy açmagyň, geljek, özleriňiz babatda pikirlenmegiň wagty. Göwün islän endikleriňiz bilen meşgullanyň. Şonda täze güne güýçli energiýa bilen başlap bilersiňiz.

Seretan (22.06 — 22.07)

Ýatlamalar ummanyna çümüp, ajaýyp duýgulary başdan geçirmek şu günki iň uly eden işiňiz bolar. Söýýän ýeriňize baryp, dynç almak ýa-da köne tanyşlaryňyz bilen gabatlaşmak siziň ruhuňyzy göterer.

Eset (23.07 — 23.08)

Bu gün size gowy täzelikler garaşýar. Günüňizi hoşwagtlykda geçirersiňiz. Şatlanmak, nämedir bir zatlara begenmek bilen, gündelik işlerden, gyzykly we peýdaly maglumatlary öwrenmekden lezzet alarsyňyz.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Sizi biynjalyk etjek käbir ýagdaýlaryň döremegi mümkin. Belki, bilmezlikden biriniň göwnüne degmek, gaharyňyza bäs gelip bilmän çözgüt kabul etmek ýaly ýagdaýlar bolup biler. Emma «Hiçden giç ýagşy» diýiň-de, wagtyňyz barka ýalňyşlyklaryňyzy düzediň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün hiç kimiň kömegi bolmazdan täze bir taslamany durmuşa geçirersiňiz. Munuň üçin günüň dowamynda özüňizi ruhubelent duýarsyňyz.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bir işiňizi tamamlamak üçin juda köp wagt sarp edipsiňiz. Şonuň üçin bu günki işleriňizi bitirmäge howlugarsyňyz. Emma «Çaltyň işi çala» diýlen nakyly unutmaň. «Eden işiň ham etmegin, ham seniň ýanyňdadyr» diýlişi ýaly.

Kowus (23.11 — 21.12)

Işiňizde täze höweslendirmeleri ýa-da abraýly baýraklary gazanarsyňyz. Bu siziň zähmetiňize berlen mynasyp bahadyr. Munuň üçin özüňizi hiç kimiň öňünde bergili ýaly duýmaň.

Jedi (22.12 — 20.01)

Durmuşyňyzdaky käbir üýtgeşmeleriň göwnüňize ýaramaýan bolmagy mümkin. Suw seňrikden agmanka, çalt herekete geçiň we durmuşyňyzy isleýşiňiz ýaly guruň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Käbir zatlaryň gün tertibiňize görä gitmeýän bolmagy mümkin. Ýöne sabyr ediň. Günüň soňy siziň üçin ajaýyp zatlary sowgat taýýarlaýar.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün haýsydyr bir ýygnak, habar ýa-da jaň sizi geçmişe dolanmaga mejbur eder. Bu bolsa geljegiňiz üçin bähbitli bolar we sizde oňyn duýgulary döreder.

Iň täze habarlar

27-nji fewralyň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

26-njy fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews

25-nji fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews