Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

21-nji noýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
21-nji noýabryň täleýnamasy

1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Şu gün size söwda etmek üçin amatly gündür. Şol bir wagtyň özünde has artykmaç çykdajy etmekden saklanyň.

2. Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün sowurlar bagtyna gowşup biler. Siziň gözleýän adamyňyz pikir edişiňizden has ýakyndadyr.

3. Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Sizi hiç bir zat aladalandyrmaly däl. Garaýşyňyz kämil bolmaly. Özüňizi rahat alyp barmaly. Sebäbi siz şu gün ýolbaşçylaryň üns merkezinde bolarsyňyz.

4. Seteran (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Hepdäniň başy elmydama hem çylşyrymly başlaýar. Iş prosesine girişmek kyn bolýar. Emma şu gün siziň öndürijiligiňize köp zat bagly bolar. Şonuň üçin hem ünsüňizi işde jemläň-de, netijeli zähmet çekiň.

5. Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Ähli zat wagtlaýyndyr. Şonuň üçin hem şowsuzlyklar sizi ruhdan düşürmeli däldir. Tersine, bu ýagdaý sizi täze ýeňişlere ruhlandyrmalydyr.

6. Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)

Ünsli boluň! Şu gün siziň ýerine ýetirjek işleriňiz üns merkezinde bolar.

7. Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)

Işden irräk çykyň. Şu gün size wagtyňyzy maşgalaňyzyň arasynda geçirmek maslahat berilýär.

8. Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)

Dost-ýarlaryňyzyň goldawynyň gerek bolmagy mümkin. Şonuň üçin hem islendik kynçylyk ýüze çyksa, ýakynlaryňyzdan maslahat soraň, kömek etmegini arkaýyn haýyş ediň.

9. Kowus (Keman 23.11 — 21.12)

Tankydy belliklere känbir üns bermejek boluň. Şu gün siz ruhy ýagdaýyňyzy gözegçilikde saklamaly bolarsyňyz. Adamlar bilen tersleşmezlige çalşyň.

10. Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)

Sizi hemme zadyň ters bolýandygy, päsgelçilikleriň köpdügi ruhdan düşürmeli däl-de, täze ýeňişlere ruhlandyrmaly.

11. Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)

Sowukganly boluň. Hiç kim siziň tolgunýandygyňyzy, gorkýandygyňyzy ýa-da gaharlydygyňyzy bilmeli däldir. Şeýle etseňiz, siz tiz üstünlige ýetersiňiz, abraýyňyz artar.

12. Hut (Balyk 21.02 —20.03)

Size şu gün şadyýan bolmak maslahat berilýär. Ýylgyryň. Hiç bir zat siziň keýpiňizi bozup bilmez.

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews