
1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)
Hamal ýyldyzynyň astynda doglanlaryň bu gün ýalňyz galyp, bolup geçýän wakalary synlamagy zerur bolup durýar. Wagtyňyzy ýakyn we zerur adamlaryňyz bilen gatnaşyk saklamaga, durmuş hakynda pikir öwürmäge ýeter ýaly kesgitläň!
2. Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Häzirki wagtda sowurlara kämilleşmek, syýahat etmek, bilimlerini artdyrmak üçin amatly pursat bolup biler. Maliýe babatynda sowurlaryň girdejileriň ep-esli derejede artmagyna garaşylýar.
3. Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu günki gün jöwzalar daşary ýurt dillerini öwrenmek islärler. Kämilleşmek bilen birlikde, dil bilmek olary täze ösüşlere ýetirip biler.
4. Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün häsiýetiňiziň üstünde işlemek maslahat berilýär, işde we öýde mylakatly boluň! Peýdaly işleri ýerine ýetirmäge synanşyň!
5. Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Güýjüňizi aýamaga synanşyň. Maddy ýagdaýlaryňyz gowy, has-da ilerletmek bolsa siziň eliňizde. Ownuk aladalara üns bermäň.
6. Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Häzirki wagtda sünbüleleriň tanyşlary we dost-ýarlary özlerine üns bermeklerini isleýärler. Olar bilen söhbetdeş boluň we pikirlerini diňläp, ýardamyňyzy gaýgyrmaň, iň bolmanda ýagşy sözüňizi gysganmaň!
7. Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Maşgalaňyz we öýüňiz hakynda pikir ediň. Wagtyňyzy peýdaly zatlara sarp etmäge synanşyň. Ruhuňyzy belentde tutmak sizi üstünlige ýetirer.
8. Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Ünsüňizi maksadyňyza gönükdiriň. Iş bilen bagly meseleleri wagtynda çözmäge synanşyň. Ýylgyryň we mylakatlylygy elden bermäň.
9. Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Bu gün wezipe babatda täzeliklere garaşyp bilersiňiz. Her niçik-de bolsa, ruhdan düşmejek boluň. Ähli babatda öz güýjüňize ynanyň.
10. Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün maliýe ýagdaýyňyz durnukly geçer. Dost-ýarlaryňyz bilen habarlaşyp, duşuşyp bilersiňiz. Duşuşyklar siziň peýdaňyza bolar. Dawaly meselelerden uzak duruň.
11. Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Bu gün günüňiz işjeň ýagdaýda bolar. Işeňňirlik size üstünlik getirer. Adamlaryň göwnünden turmaga synanşyň. Göwne degişmejek bolsaňyz, gödek häsiýetleriňizi gizläp saklaň.
12. Hut (Balyk 21.02 —20.03)
Duýgularyňyz arkaly däl-de aklyňyz bilen hereket etmek maslahat berilýär. Duýgulara berlip, özüňizi kyn ýagdaýa salyp biljek hereketlerden uzak duruň. Maksadyňyza tarap aýgytly hereket etmek maslahat berilýär.