Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

19-njy noýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
19-njy noýabryň täleýnamasy

1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Häzirki wagtda islegler işjeňleşýär we siziň hereket etmegiňize itergi berýär. Töwekgellik we batyrlyk etmek isläp bilersiňiz, bu bolsa sabyrsyzlyga sebäp bolup biler, şonuň üçin hem nämäniň yzyndadygyňyza we haýsy zada ýetmek isleýändigiňize üns beriň. Hakykatdan-da, näme isleýändigiňiz hakynda oýlanyň. Islegleriňizi gözden geçiriň we isleýän zadyňyz hakynda has köp zat öwrenmäge synanşyň.

2. Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu günki meýilnamalaryňyz, esasan, durmuşyňyza täzelikleri girizmek we üýtgeşiklik getirmek bilen bagly bolup biler. Kimdir biri siziň duýgularyňyzy we arzuwlaryňyzy güýçlendirip biler. Häzirki wagtda şu günki döräp biljek gapma-garşylyklardan we dawa-jenjellerden öňkülere garanda has-da uzak durmak maslahat berilýär. Sizi şeýle ýagdaýlara salyp biljek adamlaryň hem durmuşyňyzda peýda bolmagy mümkin. Iň gowy netijeleri gazanmak üçin hyzmatdaşlaryňyzy gözden geçirmek maslahat berilýär.

3. Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Üýtgeşiklik döretmek we täzeliklere taýynlanmak üçin özüňizde ýeterlik derejede hyjuw we höwesiň bardygyna göz ýetirersiňiz. Sport bilen meşgullanmaga başlamak ýa-da ony has-da ilerletmek, işiňiz bilen bagly üýtgeşik meýilnamalary düzmek, täze tanyşlyklary ýola goýmak bilen bagly meseleler bu gün siziň üns merkeziňizde bolar. Häzirki wagtda ýolbaşçylyk wezipelerine isleg döräp biler. Şeýle güýçli energiýaňyzy netijeli we peýdaly bolup biljek serişdelere sarp etmek maslahat berilýär.

4. Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu günki gün özüňizde tolgunmany duýup bilersiňiz. Hyjuwly, höwesli we güýçli hereket etmek siziň esasy endikleriňiziň biri bolar. Sizi rahatsyz edýän ýagdaýlardan ýa-da adamlardan uzak durmaga synanşyň. Häzirki wagtda söýgüliňiziň göwnünden turmak islegi ýa-da duşuşyklar ugruna bolman biler. Wagtyňyzy has-da şatlykly geçirmek isleýärsiňiz, emma, häzirki wagtda sabyrlylyk we hatyrjemlik siziň peýdaňyza bolar. Gyzykly wakalar siziň has-da işjeňligiňize sebäp bolar. Rahatsyzlygyň we aladalaryň siziň hakyky arzuwlaryňyza päsgel bermegine ýa-da böwet bolmagyna ýol bermäň.

5. Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün özüňizi birazajyk ýadaw duýmagyňyz mümkin we siz nähili ýagdaý bolanda hem ähli zadyň hötdesinden gelmegi başarýarsyňyz. Siz bagtly bolmagyň we durmuşdan lezzet almagyň dürli usullaryny bilýärsiňiz. Bu bolsa siziň durmuşyňyzyň has-da gowulaşmagyna kömek eder. Täze ýollaryň, gapylaryň açylmagy üçin sabyrsyzlyga üns beriň. Dogruçyl bolmak, elbetde, peýdalydyr we gereginden artyk dogruçyl hereketler käbir ýagdaýlarda siziň zyýanyňyza bolup biler. Beýleki adamlaryň gözünde her näçe ähli zatdan habarly ýaly görünýän bolsaňyz hem, käbir adamlaryň guran oýunlaryny duýmazlygyňyz mümkin. Adamlar bilen gatnaşyklaryňyzy gözden geçirmek maslahat berilýär.

6. Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün energiýaňyzyň güýçli bolmagy sizi höweslendirip biler. Esasan hem, öwrenmek, öwrenen we bilýän zatlaryňy beýlekiler bilen paýlaşmak hem-de tanyşlyklary dostluk gatnaşyklaryna öwürmek isläp bilersiňiz. Işleriňizi ýerine ýetirmek we üstünlik gazanmak islegiňize hiç bir zadyň päsgel bermegine ýol bermäň. Düşünmezden ozal etjek hereketleriňize we sabyrsyzlyga üns beriň. Esasy üns bermeli zatlaryňyzyň biri bolsa, entek amala aşyrylmadyk arzuwlaryňyz hakda gürlemezlige çalşyň. Munuň ýerine ähli zady wagtyň akymyna goýberiň we aljyramazlyga synanşyň. Häzirki wagtda meýilnamalaryňyzy we isleg-arzuwlaryňyzy bilmek isleýän adamlar siziň durmuşyňyzda bir ýa-da iki däl. Şonuň üçin hem, garşyňyzdaky adamlary bolşy ýaly kabul ediň we hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga synanşyň.

7. Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)

Häzirki wagtda şahsy girdejileriňiziň, iş bilen baglanyşykly söhbetdeşlikleriňiziň, ukyplaryňyzyň ýa-da beýleki başarnyklaryňyzyň üsti bilen üstünlik gazanmak size asla kyn düşmez. Özüňiziň ukyp-başarnyklaryňyzy gözden geçiriň we herekete başlaň. Öňden nätanyş bolan meseleleriň başyna barmazlyga synanşyň. Tejribäňiz ýetik bolan işleri ilki ýerine ýetiriň we sabyrly boluň. Özüňize ynamyňyz hernäçe ýokary bolsa-da, ähli işi birbada ýerine ýetirmezlik maslahat berilýär. Töwekgelçilikli hereketleri etmeli bolmagyňyz mümkin, ýöne, bir ädim öňe gidip, indiki meseleleri oýlanmagyň siziň peýdaňyza boljakdygyny unutmaň.

8. Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün size akylly hereket etmek maslahat berilýär. Käbir kararlary alanyňyzda gyssanmaň. Töweregiňizdäki bolup geçýän ýagdaýlar size öz täsirini ýetirer. Wakalara üns beriň we nämeleriň bolup geçýänini synlaň. Eger synçylygyňyzy ýerlikli ulanyp bilseňiz, çalt kararlary berseňiz hem ýalňyşmarsyňyz. Jogapkärçilikli hereketleriňiz we ýolbaşçy häsiýetleriňiz siz hakda käbir zatlary beýan edip biler we şeýlelikde, hakyky öz keşbiňizi töweregiňizdäkilere görkezip bilersiňiz. Eger özüňizi rahatsyz duýýan bolsaňyz ünsüňizi halaýan işleriňize gönükdiriň.

9. Kowus (Keman 23.11 — 21.12)

Geçmişdäki käbir ýatlamalar sizde geljege bolan höwesi döredip biler. Gyzykly wakalary başdan geçirmegiňiz mümkin. Kelläňizde bulam-bujarlyk döredip biljek pikirler hem size geçmişden galan wakalar, ýatlamalar zerarly ýüze çykýar. Geçmişdäki diňe gowy ýatlamalar hakda oýlanyň we käbir ýaramaz wakalaryň göz öňüňizde janlanmagyna ýol bermejek boluň. Häzirki wagtda bulam-bujar pikirleriňizi we ownuk aladalaryňyzy yzda galdyryň hem-de täze höwes we hyjuw bilen öňe tarap hereket ediň. Geçmişde bolup geçen ýaramaz wakalary diňe tejribe hökmünde kabul ediň.

10. Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün duýgularyňyzyň sizi tolgundyrmagy mümkin. Wakalar size çalt jogap bermegi talap eder, şonuň üçin karar bermezden ozal oýlanmak maslahat berilýär. Özüňizi gözden geçirmek üçin amatly pursat. Käbir adamlar bilen bäsdeşlik ýüze çykmagy mümkin. Jemgyýetçilik durmuşyňyz hereketli dowam eder. Joşgunly duýgular we güýçli hyjuw sizi herekete geçirip biler. Hereketleriňize üns beriň. Gaharly we gamgyn wagtyňyz dostlaryňyz bilen duşuşmak ýa-da habarlaşmak size zyýan berip biler. Eger ýolbaşçy wezipede bolsaňyz işgärleriň ýa-da beýleki adamlaryň göwnüne degmezlige synanşyň. Açykgöwünlilik size kynçylyklary ýeňip geçmäge ýakyndan ýardam berer.

11. Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)

Adamlaryň gözi bilen seredeniňizde siz häzirki wagtda käbir ugurlar boýunça ussat hasaplanyp bilersiňiz. Siziň ukyp-başarnyklaryňyz şu gün beýlekileriň ünsüni özüne çeker. Käbir jogapkärçilikler siziň beýlekilere özüňizi tanatmagyňyza ýol açyp biler. Durmuşyňyzy özüňiz dolandyrmak üçin amatly pursat. Siz häzirki wagtda özüňizi kämilleşdirmegiň ugur-ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik tapyp bilersiňiz. Halaýan işleriňiz bilen meşgullansaňyz durmuşdan lezzet almagy başararsyňyz. Söýýän işleriňizi ýerine ýetiriň. Wajyplygyna garamazdan halamaýan işleriňizi ýerine ýetirmek sizi ýadaw ýagdaýa salyp biler. Iş bilen dynç alşy deň alyp barmak maslahat berilýär.

12. Hut (Balyk 21.02 —20.03)

Pikirleriňizi paýlaşmak islemän bilersiňiz. Eger siziň aýdanlaryňyzy goldamasalar hem ruhdan düşmäň. Ýüregiňizi diňläň. Dogry hasaplaýan pikirleriňizi täzeden gözden geçiriň. Ýalňyşlyga ýol bermäň. Özüňizi goramak üçin bahana gözlemäň. Bir işi ýerine ýetirmezden ozal azyndan iki gezek pikirleniň we ölçeriň. Aslynda, durmuşyňyza täzelikleri girizmek, täze endikleri kemala getirmek we nätanyş adamlar bilen tanyşlyk açmak islegi ýüze çykyp biler. Uzak wagt bäri özüne imrindiren bir maksadyň yzyndan gitmek isläp bilersiňiz. Sizi hakyky arzuwlardan we isleglerden uzaklaşdyryp biljek täze pikirlere üns beriň.

 

 

 

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews