
Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün üýtgeşik bir ýere gitmek islärsiňiz. Oňa ýanýoldaşyňyz ýa-da dostlaryňyz bilen gitseňiz, has-da gyzykly bolar.
Sowur (21.04 — 20.05)
Bu günki dynç alyş wagtyňyzy boş geçirmäň. Eger göwneseňiz, özüňizi we töweregiňizdäkileri täze döredijilik taslamalaryny döretmäge höweslendirip bilersiňiz.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Günüň dowamynda durmuş meýilnamalaryňyzy täzeden gözden geçirmäge mejbur etjek käbir maglumatlaryň peýda bolmagy mümkin. Öňki ýalňyşlyklary gaýtalamajak boluň.
Seretan (22.06 — 22.07)
Bu günüň özüne çekiji energiýasy sizi hemmeleriň üns merkezinde goýar. Giden ýeriňizde täze adamlar bilen tanyşlyk açarsyňyz.
Eset (23.07 — 23.08)
Dynç alyş günüňizde iň ýakyn adamlaryňyz bilen bile bolmakdan lezzet alarsyňyz. Şeýle hem, olar bilen dürli tagamlary taýýarlamakdan, öý goşlaryny tertiplemekden ruhy lezzet alyp bilersiňiz.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bu günüň energiýasy size geçeni ýatlamaga we ýanyňyzdakylar bilen dertleşmäge iterer. Köp pikirlenmäge, geçen zatlary derňemäge, ýanyňyzdakylar bilen möhüm zatlar hakynda gürleşmäge meýilli bolarsyňyz.
Mizan (24.09 — 23.10)
Kimdir birine tötänleýin gabatlaşmagyňyz sizi ýatlamalar ummanyna atarar. Süýji hyýallaryňyz geljekki ýetjek bolýan menzilleriňize tarap ruhy güýç berer.
Akrap (24.10 — 22.11)
Hemişekiler ýaly, bu gün hem başarnykly we maksada okgunly bolarsyňyz. Köp wagtdan bäri gyzyklandyryp gelýän zat hakynda bilip, haýran galmagyňyz mümkin.
Kowus (23.11 — 21.12)
Bu gün tanyşlaryňyzdan biriniň düýbünden başga adamdygyny bilersiňiz. Onuň ýüzündäki nikabyny aýryp, hakyky ýüzüni görmäge mümkinçilik bolar.
Jedi (22.12 — 20.01)
Bu gün özüňize mümkin boldugyça köp wagt sarp etmek islegini duýarsyňyz. Munuň üçin häzir sizde ähli mümkinçilikler hem bar.
Daluw (21.01 — 20.02)
Hemişe töwregiňizdäkileriň maslahatlaryny alýan bolsaňyz hem, bu gün siz olaryň meselelerine dogry çözgüt tapmaga kömek edip, maslahat berip bilersiňiz.
Hut (21.02 —20.03)
Bu gün hutlaryň käbir kynçylyklary ýeňip geçmek üçin ähli mümkinçilikleri bolar. Siz özüňizi dürsäň we çalasyn hereket etmäge çalşyň.