Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

16-njy sentýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
16-njy sentýabryň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Pikirleriňizi beýan edeniňizde has duýguly dili saýlap bilersiňiz. Düşünjeli ädimleri ätmegiň bu amalda siziň üçin peýdaly bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Dogry hereketleriň üsti bilen taslamalary durmuşa geçirip boljak bir ýagdaýy başdan geçirýärsiňiz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şahsy keşbiňizi üýtgetmegiň zerurlygy bilen başagaý bolup bilersiňiz. Egin-eşik stiliňizi ýa-da saç daraýşyňyzy üýtgedip biljek günüňiz, töweregiňizdäki adamlar muny görmegi gaty ähtimal. Bularyň hemmesinden başga-da, asyl garaýyşlaryňyzy hem hasaba almak bilen, beýlekilerden tapawutlanmagyňyz ahmal. Şeýle hem, erkinligiňize bolan söýgiňiz güýçlenip biler. Hiç kime boýun bolmak islemeýän günüňize girýärsiňiz.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Emosional duýgularyňyzda ýüze çykýan ýagdaýlar sebäpli daşky gurşawyňyzy, esasanam ýoldaşyňyzy geň galdyryp bilersiňiz. Duýgularyňyzy beýan edeniňizde ünsli bolmasaňyz öňüňizdäki adam size düşünmez. Adamlary bolşy ýaly kabul etmegiň wagty geldi. Bu gün gaharlanmasaňyz gowy bolar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Islegleriňizi amala aşyrmak baradaky tutanýerliligiňiz daş-töweregiňiz tarapyndan makullanmaz. Öz pikirleriňize görä hereket etmegi halaýandygyňyz sebäpli, siz bilen adamlaryň arasynda kynçylyklar ýa-da düşünişmezlikler döräp biler. Saglygyňyz gaty gowy, ýöne, şonda-da ýadamajak boluň.

Eset (23.07 — 23.08)

Tanyşlaryňyz bilen habarlaşma we söhbetdeşlik güni. Bu gün size zenanlaryň kömegi degip biler. Üns bermezlik sebäpli günüň dowamynda ýalňyşlyk goýbermezden ägä boluň. Täze habar eşidip bilersiňiz. Günüň dowamynda jogapkär boljak meseleler boýunça täze kararlary bermäge howlukmaň.

Sünbüle (24.08 — 23.09)

Durmuşyňyzda söýgi ýok ýaly hereket edýärsiňiz, biraz wagt dynjyňyzy alyp, gatnaşyklaryňyza täzeden göz aýlasaňyz ýerlikli bolar. Maliýe kynçylyklaryňyz dowam edýär, çykdajylaryňyzy azaltmak bilen barybir siz muny ýeňip bilmersiňiz, başga bir çykalga gözläň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Durmuşda gabat gelýän meselelere has seresaply çemeleşmeli we deňagramly bolmaly bir günüň içindesiňiz. Has çynlakaý pikirlenmeli bir ýagdaýy başdan geçirýärsiňiz. Maksatlaryňyza laýyklykda meýilnamaňyz boýunça ädim ätseňiz, hiç-hili kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmarsyňyz. Aladalaryň yzda galandygyna göz ýetirmek üçin howlukman hereket ediň we nähili ýagdaý bilen gabatlaşsaňyz hem özüňizi ýitirmäň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu gün täze işleriň başyna barmakdan saklanmak gowy bolup biler. Ýogsa, soňundan ýüz öwürmeli bolmagyňyz ähtimal. Içki pikirleriňize üns beriň we ýüregiňizi diňläň. Wagtyňyzy ýerlikli meýilleşdirmek bilen iň gowy netijeleri gazanjakdygyňyza şek ýok.

Kowus (23.11 — 21.12)

Möhüm meselelerde özüňizi goramak üçin çäre gözlemeli bolmagyňyz ahmal. Maksatlaryňyza ýetmek size onçakly kyn bolmaz, ýöne ownuk näbellilikler bilen gabatlaşmagyňyz mümkin. Iş ýüzünde näme etmelidigiňizi anyk kesgitläp bilmersiňiz. Sazlaşykly hereket etmegi başarsaňyz, hiç hili mesele bolmaz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzyň gowşamagyny islemeýärsiňiz. Ýanýoldaşyňyzy gynandyrmak islemeseňiz, käbir kararlaryňyzy yza süýşürmeli bolmagyňyz mümkin. Ýüze çykýan meseleler üçin özüňizi hem, ýoldaşyňyzy hem günäkärlemäň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Möhüm meseleleriň berjaý edilişini düşündirmekde kynçylyk çekmersiňiz. Pursatlary öz peýdaňyza öwrüp bilseňiz, hemme zat gowulaşar. Özüňize laýyk hasaplaýan ädimleriňizi ätmekden çekinmeli däl. Özüň hakda pikirlenip hereket etmeli.

Hut (21.02 —20.03)

Şahsy durmuşyňyzda ýoldaşyňyz bilen siziň araňyzda sowuk şemal öwüsýär. Ujypsyz meseleler sebäpli dörän bu ýagdaýda wagt size kömekçi bolar. Ätjek ädimleriňize we bu döwürde aýtjak sözleriňize üns bermek peýdalydyr.

Iň täze habarlar