Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

16-njy noýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
16-njy noýabryň täleýnamasy

1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Häzirki wagtda durmuşyňyzy ýönekeýleşdirmek isleýärsiňiz, şol bir wagtda hem käbir zatlara çynlakaý seretmelidigiňizi bilýärsiňiz. Bu gapma-garşylyk sizi kararsyz ýagdaýlara eltmegi mümkin hem-de dartgynly wakalara sebäp bolar. Düşünişmezlikleriň adatdakysyndan has köp bolmagy mümkin we pikirleriňiziň bulam-bujarlygyny duýup bilersiňiz. Täze zatlary öwrenmek we dünýägaraýşyňyzy giňeltmek üçin amatly pursat. Sizi biynjalyk edýän zady kesgitlemek kyn bolsa-da, käbir zatlara üns bermezlik iň gowusydyr.

2. Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün işden lezzet alyp bilersiňiz. Ýöne käbir zatlar işiňizden ünsüňiziň bölünmegine sebäp bolýar. Sizi işiňizden daşlaşdyrýan zatlardan uzak duruň. Emma, işiňiz hakynda käbir kararlary almagyňyz ýakyn adamlar bilen gatnaşyklaryňyzda bökdençlik döredip biler. Dörän meseleleri wagtlaýyn hem bolsa şu günki günde çözmäge synanyşyň. Kararlaryňyzda ägä boluň, ertir ökünmeli boljak meseleleriňize golaýlaşmaň. Käbir ýagdaýlarda kararlary yza süýşürmek peýdalydyr.

3. Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Käbir işlerde netijäniň gowy bolmagyny isleýän bolsaňyz, howlukmaň. Bu siziň peýdaňyza bolar. Soňky döwürdäki iş depginiňiz sizi has köp işlere höweslendiren hem bolsa, özüňize dynç almak üçin wagt aýryň. Durmuşyňyzy hiç-hili kynçylyksyz dolandyrmak isleýän bolsaňyz sazlaşygy ýola goýuň. Sizi biynjalyk edýän zatlaryň döredijilikli çözgüdini tapmaga synanşyň.  

4. Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün siz sessiz halda wagtyňyzy ýekelikde geçirmegiňiz mümkin. Ýöne, siz köpçülikleýin işlere gatnaşmak we gyzykly wakalaryň içinde bolmak isleýärsiňiz. Şeýle pursatlar siziň durmuşyňyzda köplenç gabat gelýär. Siz şular ýaly pursatlarda özüňizi iki hili göz öňüne getirýärsiňiz we bu sizi kararsyz ýa-da ýadaw halda duýmagyňyza sebäp bolýar. Öňüňizdäki günlerde size kynçylyk döretjek ýagdaýlaryň döremezligi üçin söz bereniňizde öňünden oýlanmak maslahat berilýär. Käbir meseleleriňiziň düzelmegi üçin azajyk wagt gerek. Sabyrly boluň.

5. Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Häzirki wagtda özüňize üns bermeklerini isleýärsiňiz. Käbir adamlar bilen gatnaşygy ýola goýmak üçin jan edýärsiňiz. Aladaly günlerde käbir zatlary ünsden düşürmegiňiz ähtimal. Işleriňizi tiz wagtda düzetmek isleýärsiňiz. Wagtyňyzy tygşytlamak üçin meýilnamalary tertipli düzmek maslahat berilýär. Işleri aňsatlaşdyrmak islegiňiz bilen täze başdangeçirmelere gatnaşmaga höweslendirýän bilesigelijiligiňiziň arasynda galyp bilersiňiz. Bu bolsa beýlekiler bilen käbir düşünişmezlige hem sebäp bolup biler. 

6. Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün siziň üçin şatlykly wakalara baý bolar. Ýöne şadyýan wagtyňyz uzak möhletleýin kararlary bermekden saklansaňyz özüňize peýdaly bolar. Zatlary ygtybarly saklamak islegiňiz sizi ýönekeý görkezip biler. Hakyky isleg bilen höwes edýän maksatlaryňyza tarap hereket etseňiz, meýilnamalaryňyzy iş ýüzünde durmuşa geçirip bilersiňiz.

7. Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün özüňiz hakda köp pikir edersiňiz. Özüňizi gözden geçirmek, elbetde, gowy, ýöne özüňizi beýan edeniňizde kiçigöwünli boluň. Käbir adamlaryň kellesini bulaşdyrmajak bolsaňyz, olary kyn günlerinde ýolda taşlamaň. Ýakyn adamlaryňyzyň ynamyny gazandyňyz, emma, bu hemmesi däl. Adamlaryň size bolan ynamyny ödemek üçin hereketleriňize üns beriň. Başgalaryň pikirleri bilen ylalaşmasaňyz hem, olaryň düşünjelerine hormat goýmaga synanşyň.

8. Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün durmuşyňyzy gowulaşdyrmaga gönükdirilen asuda we çuňňur çäreleri we taslamalary ýola goýup bilersiňiz. Bir ýoldan gitmezden ozal öz ýagdaýyňyza baha bermek  üçin amatly pursat. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda käbir nokatlarda azajyk düşünişmezlikler bolup biler. Adatça bir wagtyň özünde ýüze çykýan dürli impulslary gaty ussatlyk bilen dolandyrýan bolsaňyz hem, şu wagt birneme haýalladyňyz. Käbir bulaşyk ýagdaýlar siziň durmuşyňyzda bolup biler, emma, wagtlaýyndygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

9. Kowus (Keman 23.11 — 21.12)

Duýgularyňyz şu gün güýçli derejede bolar. Şonuň üçin hem duýgularyňyzy diňläp hereket etmezden ozal oýlanmak maslahat berilýär. Sizi begendirýän wakalar başgalar üçin ýönekeý ýa-da esassyz bolup biler. Çärelerden lezzet almak üçin amatly pursat. Aslynda, dostuňyza ýa-da hünäriňize bolan duýgularyňyz günüň dowamynda çylşyrymlaşyp biler.

10. Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)

Şu günki wakalaryň oňaýly taraplaryny ölçemek üçin köp wagt sarp edip bilersiňiz. Akyl maşklaryndan näçe lezzet alsaňyzam, şu gün ýüregiňizdäki zady bilmek kyndygyny we düşünişmezlige sebäp bolup biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Esasanam başlyklar, ýaşy uly adamlar we şuňa meňzeşler bilen gowy tanyşlyklary ýola goýup bilersiňiz. Häzirki wagtda käbir bulam-bujarlygy ýa-da ikirjiňlenmegi görkezýän ownuk kynçylyklar bolup biler.

11. Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)

Şu gün işiňizden lezzet almak isleýän bolsaňyz, ownuk aladalar üçin keýpiňizi bozmaň. Elbetde, ownuk, çylşyrymly päsgelçilikler hemişe-de ýüze çykyp biler. Maksadyňyza tarap hereket ediň. Meýilnama düzüň we maksatnamalar bilen işläň. Ähli zadyň gowy boljagyna ynanyň. Ynam – Siziň üçin şu günki gün bahasyna ýetip bolmajak bahasyz gymmatly hazyna ýalydyr.

12. Hut (Balyk 21.02 —20.03)

Bu gün özüňiz hakynda kän gürlemejek boluň. Işdeş ýoldaşlaryňyz bilen söhbetdeşliklerde geljekdäki meýilnamalar hakda gürrüňleşip bilersiňiz. Özüňize hernäçe göwnüňiz ýetýänem bolsa, käbir meselelerde çägiňizi bilmek maslahat berilýär. Ulumsylyk etmäň. Ýylgyrmagy ýadyňyzdan çykarmaň. Kiçigöwünlilik bilen hereket etseňiz, ähli işleriň hötdesinden gelip bilersiňiz.

 

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews