Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

15-nji noýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
15-nji noýabryň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Şu gün size täze işe başlamak teklip edilýär. Onuň üçin size köne aladalaryňyzy unutmak ýa-da başga adamlara tabşyrmak maslahat berilýär. Galyberse-de, mylakatly bolmagy ýatdan çykarmaň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şu gün sizi köp adamlar gurşap alar. Olar üçin siziň pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz wajyp orun eýelär. Şeýle ýagdaýda siziň üçin maslahat berseňiz-de, özge adamlaryň pikirlerine gulak salmazlyk dogry bolar.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün sizi ýerliksiz ýere tankytlan adamlar köp bolar. «Suw akar, daş galar» diýlişi ýaly, siziň eden işleriňiz sizi mahabatlandyrýan esasy görkezijidir.

Seretan (22.06 — 22.07)

Tizräk söýgiňizi tapyň!

Eset  (23.07 — 23.08)

Bir zatlara üns berseňiz gowy bolar. Adamlar bilen söhbetdeş bolsaňyzam, öz pikiriňizde galyň. Olaryň aýdan sözleri, pikirleri sizi gyzyklandyrmaly däldir.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Şu gün käbir adamlary hyzmatdaşlyk edýän adamlaryňyzyň sanawyndan aýyrmak ýerlikli bolar. Şeýle adamlary ýüze çykaryň-da, wagt ýitirmezden herekete girişiň.

Mizan  (24.09 — 23.10)

15-nji noýabr mizanlar üçin ajaýyp sowgat taýýarlaýar. Ony dogry kabul etmek we ýerlikli peýdalanmak bolsa siziň öňüňizde duran esasy wezipeleriň biridir.

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu gün köp zat size we siziň zähmetiňize bagly bolar. Işläň. işläň, ýene-de bir gezek işläň. Onuň peýdasyny ýakyn wagtlarda duýup başlarsyňyz.

Kowus  (23.11 — 21.12)

Işiňize täze çemeleşmeleri oýlap tapmagyň wagty geldi. Onuň üçin size şahsy kämilligiňize goltgy berjek kitaplary okamak ýa-da wideoşekillere tomaşa etmek maslahat berilýär.

Jedi (22.12 — 20.01)

Ähli teklipleriň üstünde oňatja işläň. Ähli zatlary seljeriň. Size zyýan ýetirip biljek pikirler we adamlar barada oýlanyň-da, taýýarlyk görüň. Ýakyn wagtda bu oýlanmalaryň size ýetirjek täsirini görersiňiz.

Daluw  (21.01 — 20.02)

Şu gün siz dostlugyň näderejede gerekdigine göz ýetirersiňiz. Ýakynlaryňyzyň goldawy siziň meseleleriňiziň oňyn çözülmegine kömek eder.

Hut (21.02 —20.03)

Maksatlaryňyza ýetmek üçin hiç bir zatdan gaýtmaly dälsiňiz. Siziň şu günki ýörelgäňiz — «Maksat serişdäni aklaýar» bolmalydyr.

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews