
Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün durmuşyňyz bilen bagly aýgytly netijä gelmeli bolarsyňyz. Ünsli pikirleniň we haýsy zadyň has ähmiýetlidigini dogry kesgitläň.
Sowur (21.04 — 20.05)
Ýoldaşyňyz ýa-da beýleki ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşyk saklanyňyzda olara uly üns berýändigiňizi bildirmäge synanyşyň. Munuň özi gatnaşyklaryňyzy berkitmäge ýardam berer.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Bu gün köpleriň üns merkezinde bolarsyňyz. Şonuň üçin size hereketleriňize, özüňizi alyp barşyňyza aýratyn ähmiýet bermek gerek.
Seretan (22.06 — 22.07)
Akyl-parasatyňyz bilen bu günki möhüm meseleleri aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz. Her bir bolup geçýän zady ünsden düşürmäň. Şonda islendik kynçylygyň öňüni alyp bilersiňiz.
Eset (23.07 — 23.08)
Bu gün esetleriň maliýe ýagdaýlary durnukly bolar. Ýyldyzlar size bu gün pullaryňyzy tygşytly ulanmagy maslahat berýär.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Käbir aladalaryň sizi bimaza etmegi mümkin. Ýöne biynjalyk bolmaň. Günüň soňuna çenli hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Mizan (24.09 — 23.10)
Mizanlar işlerine täzeçe usul bilen çemeleşip, uly sepgitlere ýeterler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar maşgalasyna mähirli garap, olaryň hem arzuw-isleglerini hasyl etmelidirler. Saglygyňyza ünsli boluň!
Akrap (24.10 — 22.11)
Bu gün akraplaryň girdejili iş tapmaklary ahmal. Bu ýyldyzyň astynda doglanlara maşgalasyna has ünsli bolmak maslahat berilýär.
Kowus (23.11 — 21.12)
Kowuslara biraz ruhy dynç almak gerek. Olar maşgala agzalary, ýakynlary bilen gezelençlere gidip, şäherýaka dynç alyş meýdançalaryna seýil etseler, özleri üçin peýdaly bolar.
Jedi (22.12 — 20.01)
Jedi ýyldyzynyň astynda doglanlar bu gün sabyrly bolup, başyny başlajak işlerine örän jogapkärli çemeleşmelidirler.
Daluw (21.01 — 20.02)
Bu gün başarjaň daluwlaryň arzuwlary hasyl bolar. Ýyldyzlar daluwlaryň pikirleriniň köpçülik tarapyndan goldanjakdygyny yşarat edýärler.
Hut (21.02 —20.03)
Hutlara töwekgellik etmän, pul bilen bagly işlerini biraz soňa goýmak maslahat berilýär. Ýaş hutlara bolsa isleg bildirýän hünärleri boýunça bilim almaga mümkinçilik dörär. Günüň ahyry olar üçin göwün beren ýarlaryna ýüregini açmaga şowly pursatdyr.