
Hamal (21.03 — 20.04)
Şu gün siz täsin ýagdaýlara duş gelip bilersiňiz. Olar siziň durmuşyňyzy bezär. Ajaýyp ýatlamalaryň galmagyna kömek eder.
Sowur (21.04 — 20.05)
Siziň durmuşyňyza üýtgeşmeler gelip biler. Olary bolşy ýaly kabul ediň. Şeýle etseňiz, siz ähli kynçylyklardan üstün çykyp bilersiňiz.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Şu gün siziň garaşmadyk zatlaryňyz bolup biler. Ruhdan düşmäň. Siz ähli kynçylyklary öz peýdaňyza çözüp bilersiňiz. Bu babatda ýakynlaryňyzyň kömegine daýanyň.
Seretan (22.06 — 22.07)
Seretanlar üçin kesgitli günleriň biri geldi. Durmuşyň döretjek mümkinçiliklerini sypdyrmaň-da, ýerlikli peýdalanyň.
Eset (23.07 — 23.08)
Özüňize erk ediň. Maksadaokgunly boluň. Diňe şeýle ýagdaýda siz şu gün öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetip bilersiňiz.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Şu gün ähli babatda özüňizi çäklendirmei bolarsyňyz. Has-da pul sowmakdan saklanyň. Söwdalaşmak üçin amatly gün däldir.
Mizan (24.09 — 23.10)
Kelläňizde saklaýan pikirleriňiziň, iň bolmanda, birini durmuşa geçiriň. Siziň batyrgaýlyk bilen amala aşyrýan işleriňiz daş-töweregiňizdäki adamlaryň sylagyna mynasyp bolar.
Akrap (24.10 — 22.11)
Şu güni gapma-garşylyklar gurşap alar. Dawa-jenjellerden daşda duruň-da, olardan baş alyp çykmaga synanyşyň.
Kowus (23.11 — 21.12)
Myhman kabul etmäge taýýar boluň. Şu gün siziň öýüňiz ýakynlaryňyz üçin özboluşly myhmanhana öwrüler.
Jedi (22.12 — 20.01)
Şu gün sizi täsin duýgular gurşap alar. Günüň ahyryny maşgala agzalaryňyz bilen jemleseňiz maksadalaýyk bolar.
Daluw (21.01 — 20.02)
Şu gün aldawa salyp biljek sözlerden dogry netije çykarmaga synanyşyň. Hakyky dostuňyzyň kimdigini ýatdan çykarmaň!
Hut (21.02 —20.03)
Şu günüňizi maşgalaňyza sarp etseňiz gowy bolar. Mümkin boldugyça olara ýakyn boljak boluň. Köpräk gürrüňdeşlik geçiriň.