Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

13-nji sentýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
13-nji sentýabryň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün ýerine ýetirmeli möhüm wezipeler garaşýar. Günüň dowamynda işleriňizi wagtly-wagtyna ýerine ýetirmek, islendik päsgelçilik çyksa-da meýilnamaňyzdan daşlaşmazlyk maslahat berilýär.

Sowur (21.04 — 20.05)

Işini çalyşmak isleýän sowurlar üçin şu gün örän amatlydyr. Şonda-da seresaplylygy elden bermäň. Ähli zada, hususan-da, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna üns beriň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Diňe iş we öý aladalaryna çümüp oturman, dynç günlerinde maşgalaňyz bilen söwda, dynç-alyş merkezlerinde çykyp, medeniýetli dynç almak işiňiziň has-da ilerlemegine ýardam eder.

Seretan (22.06 — 22.07)

Maliýe babatynda ýyldyzlar seretanlara goşmaça girdeji almak üçin iş ugurlaryny giňeltmegi maslahat berýärler. Günüň ahyry ahyry täze tanyşlyklara, myhmançylyklara baý bolar.

Eset (23.07 — 23.08)

Şu gün esetler üçin mümkinçiliklere we täsirli wakalara baý bolar. Günüň dowamynda sizi begendirjek hoş habarlar, garaşylmadyk sowgatlar gelip biler.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Şu gün durmuşyňyzy söýgi gurşap alar. Maşgalaňyz, ýakynlaryňyz siziň işiňiziň ilerlemegi üçin ellerinden gelen ýardamlary ederler. Günüň dowamynda gysga möhletleýin iş, okuw saparlaryna teklipler gelip biler. Bu mümkinçilikleri pikirlenmezden kabul ediň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Şu günki işjeňligiňiz töweregiňizdäkilere oňyn täsir eder. Günüň ahyrynda ýolbaşçylaryňyzyň berekellasyna we sowgatlaryna garaşyp bilersiňiz.  

Akrap (24.10 — 22.11)

Akraplaryň durmuş şygary «özüň bol!» bolmalydyr. Çünki şu günden beýläk jöwzalaryň jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmak, karýerasynda kämilleşmek, töweregindäkileri tanamak üçin örän amatly pursatdyr.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu günki döräp biläýjek ähli meseleleri birbada çözmäge synanyşmaň, «ýedi ölçäp»  hereket etmäge çalşyň. Karar bermäge wagt tapyň we başgalaryň maslahatyny diňläň, belki olaryň pikiri siziň pikiriňize gabat geler.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün jedilere sypaýy we seresap hereket etmek maslahat berilýär. Günüň dowamynda olar iş bilen şahsy durmuşyň arasynda deňagramlylygy saklamaly bolarlar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Geljek hakda pikirlenmäge, zatlary meýilleşdirmäge, arzuw etmäge synanyşmaly. Ýakynlaryňyza we ýoldaşyňyza kömek ediň. Maliýe ýagdaýy barada aýdanymyzda bolsa entek almadyk girdejiňize bil baglamaly dälsiňiz.

Hut (21.02 —20.03)

Iş meselelerinde eglişik etmeli bolarsyňyz. Şahsy durmuşyňyzda bolsa, günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen has köp wagt geçirip bilersiňiz. Dynç almaga we möwsümleýin keselleriň öňüni almaga üns beriň.

Iň täze habarlar