Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

13-nji noýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
13-nji noýabryň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Şu gün size zähmetsöýerlik bilen işlemek maslahat berilýär. Işiňize päsgel berjek bolsa, öýkeleseler hem adamlara ýanyňyzdan gitmegini haýyş ediň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Düýn siz ýalňyşlyk goýberip, oňa känbir ähmiýet bermedik bolmagyňyz mümkin. Ýalňyşlyk siziň işleriňize zyýan ýetirmänkä, seljeriň-de, ony ýüze çykaryň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün size amala aşyryp bilmejek maksatlaryňyzy ýerine ýetirmezlik maslahat berilýär. Güýjüňizi biderek sarp edenden, ony has ýerlikli zatlar üçin peýdalanyň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Şu gün maşgala agzalaryňyz bilen düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda başga bir adamlaryň kömeginiň gerek bolmagy mümkin.

Eset  (23.07 — 23.08)

Adamlar bilen gepleşikleri geçirmeklik maslahat berilýär. Işewürlik bilen meşgullanyp bilersiňiz. Şol bir wagtyň özünde agşamyňyzy maşgala agzalaryňyz bilen geçirip bilersiňiz.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Maşgala agzalaryňyza erkinlik beriň. Şu gün olar siziň gözegçiligiňize we kömegiňize mätäç däl. Şeýle etmeseňiz, araňyzda dawalaryň döremegi mümkin.

Mizan (24.09 — 23.10)

Şu gün size täze taslamalaryň başyny başlamak maslahat berilýär. Işiň başy agyr başlansa-da, soňy ugruna bolup gider.

Akrap (24.10 — 22.11)

Töwekgellik siziň ýaranyňyza öwrülip biler. Siz bu gün uly işleriň başyny başlap bilersiňiz. Onuň üçin size batyrgaýlyk we sowukganlylyk bilen ýaraglanmak ýeterlik bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Rahatlanmaň! Bu dynç günleri jedilerden başga hiç ýyldyz üçin hem rahatlykda geçmez. Iş buýrulsa, gaty ünsli ýerine ýetiriň. Bellik almakdan daşda duruň.

Jedi (22.12 — 20.01)

Adamlar bilen dawa etmäň. Köp gürlemäň. Tersine, adamlaryň aýdýan zatlaryny, maglumatlaryny özleşdiriň. Şeýle ýagdaýda siz işleriňizde kömek etjek täze ýollary açarsyňyz.

Daluw (21.01 — 20.02)

Şu gün sizi saýlawyň öňünde goýup bilerler. Dogry saýlaw size üstünlik gazanmaga goldaw berer.

Hut (21.02 —20.03)

Adamlara ynanmazdan, işleriňi ýöretmek mümkin däl. Ynanyň, emma ätiýaçly boluň. Özüňizi goramagy, gaçybatalga üçin ýer goýmagy unutmaň.

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews