Sazlamalar

Diller

TM

13-nji fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
13-nji fewralyň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Bu gün ýanýoldaşyňyz bilen ýürekden gürleşmek we gatnaşyklaryňyzy berkitmek üçin ajaýyp gün. Gowy netijelere ýetmek üçin ýakynlaryňyz bilen agzybirlikde hereket ediň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün adamlar bilen gatnaşykda bolanyňyzda tiz netije çykarmaga, möhüm resminamalara gol çekmäge howlukmaň. Biraz garaşyň, siziň biläýmeli köp maglumatyňyz gijräk ýüze çykar.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün hökman işiňizi ýokarlandyrmak, öňde täze maksatlary goýmak hem-de möhüm adamlar bilen tanyşmak ýaly işlere gümra bolarsyňyz. Günüň dowamynda garaşýan zatlaryňyza eýe bolarsyňyz.

Seretan (22.06 — 22.07)

Täze bir zat öwrenmek üçin dörän pursatlardan peýdalanjak bolup howlukmaň. Çünki ýakyn wagtda pikirleriňizi üýtgetjek ýene bir waka ýüze çykar.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün töweregiňizdäkilerden gowy goldaw tapyp, hoşal bolarsyňyz. Özüňizi sylaýan, hormatlaýan adamlaryň arasynda bolmak size lezzet berer. Bu bolsa size çylşyrymly taslamalarda ünsi jemlemäge we has öňe gitmäge mümkinçilik berer.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Köp wagtdan bäri işleriňizde rahatlyk we sazlaşyk bolmagyny isleýärsiňiz. Bu babatda bu gün oňyn üýtgeşmeler girizip bilersiňiz.

Mizan (24.09 — 23.10)

Siziň aýtjak sözleriňiz kimdir birini gynandyryp ýa-da göwnüne degip biler. Özüňiz bilmezden töweregiňizdäkileri ynjydandyryn öýtseňiz, wagt ýitirmän ötünç soraň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün dostlaryňyzyň biriniň habaryna hökman begenersiňiz. Bu bolsa geljekki meýilnamalaryňyzy azajyk üýtgetmäge mejbur eder.

Kowus (23.11 — 21.12)

Kowuslar üçin köpden bäri garaşýan mümkinçilikleriniň döremegi mümkin. Ýöne pursaty elden gidererin öýdüp, aşa alňasamakdan hem saklanyň.

Jedi (22.12 — 20.01)

Jediler şahsy durmuşynda boljak islendik üýtgeşmä taýýar bolmalydyrlar. Işiňizde jogapkärçilikden boýun gaçyrmaň we başgalaryň size ýaramaz täsirini ýetirmegine ýol bermäň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün daluwlar durmuşlary bilen bagly meýilnamalaryny biraz gijikdirmeli bolarlar. Maşgala we iş meselelerinde gowy pikirlenip, soňra çözgüt çykaryň.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün duýgularyňyza ynanyp bilersiňiz. Dost-ýarlaryňyzyň maslahatyny diňläp, ýedi-ölçäp bir kesmek endigiňiz size üstünlik getirer.

Iň täze habarlar