Sazlamalar

Diller

TM

11-nji fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
11-nji fewralyň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Gündelik iş meýilnamaňyza täze ýerine ýetirmeli işleriňizi goşuň. Şonda şowlulyk, garaşylmadyk gowy habarlar yzly-yzyna geler.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün ähli duýgularyňyz güýçlener. Şonuň netijesinde-de, öňde goýan maksatlaryňyzyň köpüsine ýetip bilersiňiz.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Size dünýä başgaça nazar bilen seretmäge mejbur etjek kimdir biri ajaýyp duýgulary bagyş eder. Onuň energiýasy size günuzyn täsir eder.

Seretan (22.06 — 22.07)

Durmuşyňyzy üýtgetmek isleýän bolsaňyz, ilki özüňizi üýtgediň. Häsiýetiňizden gaharjaňlygy, gyzmalygy kem-kemden aýyrjak boluň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün siziňki ugruna. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gowy düşünişip bilersiňiz. Ýakyn dostuňyz bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, täze taslamalaryň üstünde işleseňiz, üstünlik gazanarsyňyz.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Şahsy maşgala gatnaşyklaryny berkitmek üçin gowy gün bolar. Bu gün saglygyňyza we özüňize seretmek üçin has köp wagt sarp ediň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Uzak wagtdan bäri bir taslamanyň üstünde işleýärsiňiz. Wagty dolandyrmagyň gowy usullaryny saýlaň. Ýöne iş bilen şahsy durmuşyňyzy garyşdyrmaň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Ýakynlaryňyz bilen gowy aragatnaşyk saklaň. Sizde biriniň göwnüne degip, ötünç soramazlyk endigi bar. Bu häsiýetiň sizi dostlaryňyzdan daşlaşdyrmagy mümkin.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu günki etjek her bir hereketiňiz töweregiňizdäkilere täsir eder. Şonuň üçin diňe şadyýan boluň we ýylgyryň. Siziň ýylgyryşyňyz köp adamyň durmuşyna many çaýyp biler.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün maşgalaňyzdaky gowy gatnaşyklaryň täsirinden özüňizi rahat duýarsyňyz. Bu duýgularyň günsaýyn güýçlenmegi peýdaly bir işiň başyny tutmagyňyza kömek eder.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün özüňizi we özgeleri tanamak, täze bilimleri öwrenmek üçin amatlydyr. Hemmeleri gyzyklandyrjak täze bir taslama döretmek islärsiňiz. Şonuň üçin gijä galman, işe girişiň.

Hut (21.02 —20.03)

Bu günki sadalygyňyz we sypaýylygyňyz köp adamy özüne çeker. Adamlar bilen aragatnaşyk saklanyňyzda ilki olary gowy tanaň.

Iň täze habarlar